Türkmenistan we Oman bilelikdäki hökümetara toparyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

0
377
0
0

Türkmenistan we Oman söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu barada iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy maslahatlaşmalaryň barşynda aýdyldy. Oman wekiliýetine Aşgabatda sapar bilen bolýan daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Bin Ýusuf Al-Harsi ýolbaşçylyk etdi.

Ikitaraplaýyn syýasy maslahatlaşmalaryň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ylalaşyk-hukuk binýadynyň berkidilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Mundan başga-da, iki ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan arap Gündogary bilen aragatnaşyklary işjeňleşdirýär. Raýat awiasiýasyny milli ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabatdan El-Kuweýte (Kuweýt döwleti), Maskata (Oman Soltanlygy), Şarm-el-Şeýh, Hurgadu, Kair (Müsür Arap Respublikasy) howa gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.       

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru