“Rostow” türkmen hünärmenini saklap galyp bilermi?

0
707
56
0

“Rostow” futbol klubunyň wise-prezidenti Aleksandr Şikunow Russiýanyň habar beriş serişdelerine beýanatynda Gurban Berdiýewiň topary türgenleşdirmegi dowam etdirmegi baradaky meselede heniz anyklygyň ýokarydygyny habar berdi. Türkmen hünärmeniniň şertnamasy möwsümiň ahyryna çenli göz öňünde tutulypdy.

— Berdiýew baradaky mesele heniz çözlenok. Biz Berdiýewi alyp galmak üçin yhlasymyzy gaýgyramzok, ýöne heniz bu meselede anyklyk ýok — diýip, Şikunow aýtdy.

Şeýle hem “Rostow” futbol klubunyň ýolbaşçysy kluba gelejek möwsüm üçin transferleri meýilleşdirmegiň hem ýeňil däldigini habar berdi. Şikunowyň sözlerine görä häzir esasy zat — RFS-niň rugsatnamasyny almak.

— Torbinski gitdi. Topary ýene kimler terk eder?

— Şertnamasy ýa-da kärende möhleti tamamlananlar: Pletikosa, Granat, Bordaçýow, Azmun.

— Azmun bilen Bordaçýowyň kärende möhletini uzaltmaga synanyşýarsyňyzmy?

— Hiç zat aýdyp biljek däl. Biz üçin esasy zat — rugsatnama almak. Ähli bergilerimizi üzmesek, möwsümde 18-den köp futbolçy goşup bilemzok.

Şonuň ýaly-da, mälim bolşy ýaly, ýakynda Rostow oblastynyň gubernatory Wasiliý Golubew Gurban Berdiýew bilen duşuşdy.

www.championat-rostow ru  saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda “Rostowyň” baş tälimçisi täze şahadatnama degişli meýillerini beýan edip, Rostowyň topary bilen gelejekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdy. Sebitiň ýolbaşçysy ýakyn wagtlarda Berdiýewiň teklipleri boýunça gelen netijesini mälim eder.       

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru