Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş dizaýnerleriň üstünligi

20:4510.06.2015
0
88635

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň dizaýny Türkmenistanda döwrebap we milli dokma önümleriniň öndürilip, matalaryň teksturasynyň täzeçe ulanylmagy we geometrik, ösümlik, haýwan, nagyş şekilleriniň sazlaşygyndan düzülen egin-eşikleriň döredilmegi bilen tapawutlanýar. Şu günki gün türkmen geýminiň häzirki zaman akymy emele gelmek bilen, ol köp sanly kök atmalaryň, ýeňleriň, ýakalaryň, bezeg görnüşleriniň iň oňat däplerini özünde jemleýändigi bilen häsiýetlenýär.

Egin-eşik adamyň maddy medeniýetiniň bir bölegi bolup, dürli döwürlerde özboluşly suduryny we reňk sazlaşygyny özünde jemläpdir we adamyň daşky keşbiniň emele gelmegine täsir edipdir. Emma adam gözelliginiň derejesi mydama üýtgäp durýar. Şol sebäpli egin-eşikleriň görnüşleri hem özgerýär. Egin-eşik adamyň daşky keşbini şöhlelendirip, onuň içki ruhy dünýäsini ýüze çykarýar we belli bir derejede adamyň psihologik, jemgyýetçilik, ýaş we taryhy häsiýetnamasy bolup durýar. Şahsyýetiň döredijilik işi we gözellik baradaky garaýyş-tejribesi terbiýäniň serişdesi bolmak bilen, egin-eşik adamy gurşap alýan dünýäniň bir bölegidir. Egin-eşigiň döremegi geýmiň dürli şekilleriniň we biçüwleriniň yzygiderli gözleglerinden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Jennet Pallykowanyň milli toý lybaslary ene-mamalarymyzdan miras galan el keşdelerdäki "goçak", "tegbent" nagyşlary, hünjüleriň dürli reňkleri, täzeçe ulanyp, keteniden we beýleki ýüpek matalardan döreden täze nusgadaky egin-eşikleri türkmen gelin-gyzlarynyň görküne görk goşýar. Bu üstünligi gazanmagynda onuň çagalykdan bäri şekillendiriş sungatyna bolan söýgüsiniň uly ähmiýete eýe bolandygy ikuçsuzdyr.

Jennet Pallykowa ilki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde okady, soňra bolsa Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebini üstünlikli tamamlap, soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn” kafedrasynyň talyby boldy. Ol Jumageldi Amangeldiýew, Rozygeldi Gylyjow, Kamil Weliahmedow, Oksana Olokina ýaly halypalaryň elinde bilim almagyny dowam etdirýär. Ýaş talyp gyz senagat dizaýnynyň bir görnüşine, ýagny matalaryň, geýimleriň bezegine aýratyn üns berip, bu sungata bolan ilkinji ädimlerini hem TDÇA-nyň sergi zallaryndaky şahsy sergilerinde görkezmekden başlady. Şeýlelikde, ol her ýyl özüniň ukybyny, tejribesini artdyryp, 2015-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan guralan häzirki zaman döwrebap egin-eşiklerini döretmek boýunça zehinli nusgaçy-dizaýnerleriň arasynda geçirilen “Çeper eller” atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilip, ýylyň dizaýneri diýen ada we ýörite baýraga mynasyp boldy.

Biz hem Jennet Pallykowany ajaýyp üstünligi bilen gutlap, oňa gelejekde hem şeýle üstünlikleriň hemra bolmagyny, ýurdumyzda ussat dizaýner-suratkeşleriň hem köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň