Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly golýazma işgärleri Türkiýede gysga wagtlyk okuw geçdi

09:0410.06.2015
0
1683

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Milli Golýazmalar institutynyň işgärleri Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentligi we Türkiýäniň Golýazma eserleri boýunça merkezi edarasy tarapyndan geçirilen gysga möhletlik okuwda boldular. Ol ýerde türkmen hünärmenlerine golýazmalary sahaplamak hem-de rejelemek boýunça okuwlar geçildi. Türkiýäniň Konýa şäheriniň golýazma eserleri boýunça ýerli müdirliginde geçirilen okuwlaryň netijesinde ildeşlerimiziň birnäçesine golýazma eserlerini ylmy taýdan derňemek, olaryň katalog sanawyny düzmek, gymmatly golýazmalary gözegçiligi, rejeleýiş işleri ýaly ugurlar boýunça ýörite sertifikatlar gowşuryldy. Sertifikatlaryň gowşurylyş dabarasynda ýerli müdirligiň ýolbaşçysy Bekir Şahin öz çykyşynda: «Türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen geçirilen okuw diýseň netijeli boldy. Okuwlaryň netijesinde-de türkmenistanly hünärmenlere-de, türkiýeli hünärmenlere-de pikir alyşmaga, tejribeleri paýlaşmaga gowy mümkinçilik döredi. Galyberse-de, bu okuw türkmen we türk halklarynyň taryhy kökleriniň hemişe bir bolandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Häzirki wagtda-da Türkmenistan bilen synmaz dostluga daýanýan gatnaşyklarymyz bar. Munda iki ýurduň Liderleriniň hyzmaty çäksizdir» diýip, okuwlaryň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Bu barada Türkiýäniň haberler.com internet saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň