«TürkmenÄlem 52°Е» aragatnaşyk hemrasynyň üsti bilen milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri alnyp görkezilip başlandy

0
1179
28
3

Şu günler «TürkmenÄlem 52°Е» aragatnaşyk hemrasynyň üsti bilen milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri alnyp görkezilip başlandy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ozal habar berlişi ýaly, telekontenti ulanyjylar öz antenalaryny gündogar uzaklykdaky 52 gradusa gönükdirip onuň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Ol ýerde, ýerden 35 müň kilometr ýokardaky asman giňişliginiň bir nokadyna türkmen hemrasy ýerleşdi.

Milli teleýaýlymlaryň alnyp görkezilişi giň çägi tutuş Ýewropany, Afrikanyň demirgazygyny we Aziýanyň agramly bölegini öz içine alýar. Ol ýerde 1 million 200-den gowrak adam ýaşaýar. Olaryň ählisi hem türkmen elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkin bolan tomaşaçylarydyr diňleýjileri bolup durýar.

Alnyp görkeziliş durulyk ölçeginde wertikal polýarlykda sekuntda 27 müň 500 simwoly akym tizliginde amala aşyrylýar. “Altyn asyr: Türkmenistan”, “Ýaşlyk”, “Miras”, “Türkmenistan” teleýaýlymlaryny we dört radioýaýlymy 12264 MGs ýygylykdaky, paýtagtyň durmuşyndan gürrüň berýän “Aşgabat”, aýdym-sazly “Türkmen owazy”, sporta ýöriteleşdirilen “Türkmen sporty” teleýaýlymlary bolsa 12303 MGs ýygylykdaky transponder arkaly kabul edip bolýar. Alnyp görkeziliş amala aşyrylýan FEC — habarlaryň bolluk derejesi 2/3 bolmagy amatly bolmadyk howa şertlerinde hem alnyp görkezilişiň ýokary hil derejesini üpjün eder.

Mälim bolşy ýaly 2011-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligi döredilipdi. «TürkmenÄlem 52°Е» hemrasy bolsa älem giňişligine 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykaryldy. Ol Türkmenistanyň buýurmasy boýunça “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy tarapyndan döredildi. Hemra zerur bolan ähli synaglardan soň, geostasionar orbitada bellenilen nokada çykaryldy we iýunyň başynda türkmen tarapyna dolandyrmaga tabşyryldy. Şeýle hem fransuz kompaniýasynyň türkmen hünärmenlerini taýýarlamagy hem üpjün edendigini bellemek gerek.

Hemranyň gepleşikleri alyp görkezmek mümkinçiligini milli telewideniýäniň we radionyň transponderinden halkara işewürleriň we buýrujylaryň tele we radiokontentiniň giň göwrümli alnyp görkeziliş hyzmatlary ýerine ýetirerler. Hemranyň mümkinçiliklerini täjirçilik maksatlaryndan ulanmak, şeýle hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen “Türkmen hemrasy” ýapyk aksioner jemgyýeti döredildi.

Hemra multi kommunikasiýa hyzmatlarynyň, şol sanda sanly teleradiogörkezilişiň, telefoniýanyň, wideomaslahat aragatnaşygynyň, maglumat bermegiň, hemra infernetiniň, V SAT (Very Small Aperture Terminal) torlaryny döretmegiň giň toplumyny hödürlemäge ukyplydyr.           

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru