Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz we onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrdy

0
1111
15
26

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töweregi boýunça dikuçarda iş saparyny amala aşyryp, guşuçar belentlikden birnäçe möhüm desgalarda alnyp barylýan işleri synlady. Milletiň Lideri 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly käbir meselelere aýratyn üns berdi.

Bu uly sport ýaryşynyň başlanmagyna bary-ýogy iki ýyl galdy. Şu babatda döwlet Baştutany Aziada düýpli taýýarlanmagyň diňe bir gurluşyk desgalarynyň, hususan-da, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy bilen çäklenmeýändigini nygtaýar. Biz ähli ölçegler boýunça degişli tertibi üpjün etmelidiris diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhammedow aýdýar. Şu işlerde merkezden uzakda bolan ýerleri hem goşmak bilen, Aşgabadyň ulag ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn orun berilýär.

2013-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň we Abadan şäheriniň käbir ilatly nokatlary paýtagtymyzyň düzümine goşuldy. Bu bolsa 37 müň gektardan gowrak meýdandyr. Aşgabadyň meýdany iki esse diýen ýaly artyp, 70 müň gektar töwerege ýetdi. Paýtagtyň çäkleriniň giňelmegi diňe bir işjeň ösdürilýän şäheriň talaplaryna laýyk gelmän, eýsem-de, onuň ýakynyndaky etraplaryň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmagyň, olaryň depginleriniň işjeňleşmeginiň hem-de ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň maksatlaryna gabat gelýär. Munuň özi Aşgabadyň terjimehalynda täze sahypanyň resmi taýdan açylmagyny alamatlandyrdy. Çünki bu ädim birnäçe maksatlara ýetilmegine gönükdirilendir.

Bu bolsa, ilkinji nobatda, adamlara ýaşamagyň oňaýlylygy boýunça iň oňat şertleri döretmekden, ähli ölçegler boýunça ýaşaýşyň hiliniň ýokary ülňülerini kemala getirmekden, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipelerini çözmekde paýtagtyň goşýan goşandyny artdyrmakdan we elbetde, Aşgabadyň möhüm halkara syýasy, işewür, medeni, syýahatçylyk merkezi hökmünde ähmiýetini we ornuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Milletiň Lideri türkmen paýtagtynyň derejesini we abraýyny pugtalandyrmak barada aýdyp, hut şu wezipeleri öňde goýýar. Ösen düzümleriň netijesinde Aşgabat sebit, halkara we dünýä derejesindäki wajyp çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2017-nji ýylyň Aziadasy garaşylýan şol möhüm wakalaryň biri bolar.

Bu gün Aşgabadyň iri sport merkezine öwrülmegi üçin uly mümkinçilikler açylýar. Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri boljak paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýä derejeli üstünliklere ymtylyşynyň nyşanyna öwrüldi. 2014-nji ýylyň noýabrynda bolup geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň  guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň  Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çekmek dabarasy gatnaşyjy döwletleriň düzümini 45-den 62-ä çenli artdyrdy. Munuň özi, ilkinji nobatda, oýunlary guramaçylaryň üstüne uly jogapkärçilik ýükleýär, köpsanly myhmanlary kabul etmek hem-de uly sport baýramçylygyny üstünlikli geçirmek üçin olardan sazlaşykly we utgaşykly özara hereket etmegi talap edýär.

Şu maksatlar bilen paýtagtymyzyň täze howa menzilinde sport wekiliýetleriniň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, meýletinçiler we beýleki resmi adamlar üçin ýörite “ýaşyl geçelge” göz öňünde tutuldy. Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, halkara howa ulaglarynyň gatnawlarynyň şunuň ýaly örän ýokarlanan ýagdaýynda yzygiderli ýerli howa gatnawlarynyň hem üznüksiz işini üpjün etmek zerurdyr. Munuň üçin, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, goşmaça mümkinçilikleri peýdalanmak gerek.

...Döwlet Baştutanynyň dikuçary uçuşyň barşynda, paýtagtymyzyň etegindäki ýörite meýdança gelip gondy. Bu ýerde milletiň Liderini Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew garşylap, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň daýanjy bolan milli Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanyň harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça tekliplere, şeýle hem beýleki degişli meselelere garady.

Türkmen döwletiniň Harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetlidigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti  häzirki zaman harby tehnikalary dolandyrmakda harby gullukçylaryň ussatlygyny has-da kämilleşdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Belent Serkerdebaşymyz şeýle hem harby gullukçylaryň zerur bolan durmuş şertlerini üpjün etmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowa ýüzlenip, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda howa – ulag düzüminiň sygymlylygyny ýokarlandyrmak ýaly meselelere ünsi çekdi. Öňde boljak V Aziýa oýunlaryna daşary ýurtlardan köpsanly myhmanlaryň gelmegine garaşylýandygyny, munuň bolsa paýtagtymyzyň  Halkara howa menziliniň işini örän artdyrjakdygyny nygtap, şol döwürde eger zerur bolsa, paýtagtymyzyň etegindäki  howa menzilini peýdalanmagy teklip etdi.

— Bu ýerde ýerli uçuşlary amala aşyrmak üçin şertler döredilse, maksadalaýyk bolar diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de zerur bolan hemme degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Aziada - 2017-niň oýunlarynyň ähli babatda guramaçylykly we sazlaşykly geçirilmelidigini nygtady. 

 Döwlet Baştutany howa menziliniň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen taslamalar bilen tanyşdy hem-de işleri talabalaýyk alyp barmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru