Türkmen obalarynda durmuş özgerýär

0
590
16
0

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli welaýatlardaky obalarda ýaşaýan adamlaryň barha we barha köpüsi şäheriňkä deňleşen şertlere eýe bolýarlar. Öýjükli telefon, internet, gymmatbaha daşary ýurt awtoulagy, häzirki ösen öý tehnikasy, häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen mekdeplerde berilýän döwrebap bilim, ýaşaýyş üçin amatly şertler... bularyň bary indi oba durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ipoteka karzy boýunça jaý gurmak giň gerime eýe bolýar. Etraplaryň we hojalyklaryň arasyndaky ýollaryň ählisi diýen ýaly asfaltlanylýar. Lagym ulgamy geçirilip, oba ýaşaýjylary gaz we ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär.

Soňky ýyllarda oba ýaşaýjylarynyň durmuş şertleriniň ýokarlanmagy “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurduň obalarynyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçen özgertmeler bilen alamatlandy. Ähli welaýatlar diýen ýaly, gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Ol ýerlerde medeni we durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi guruldy we gurulýar.

Obalarda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy hem üstünlikli ýerine ýetirilýär. Soňky ýyllarda hassahanalaryň, saglyk öýleridir merkezleriniň onlarçasy guruldy we bu işler häzirem üstünlikli dowam etdirilýär.

Welaýatlarda bilim ulgamyna degişli , häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň hem onlarçasy guruldy. Şol mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini, öz taryhyny öwrenmäge, ruhy we beden taýdan kämilleşmäge, häzirki zaman kommunikasiýa we multimediýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan ökde hünärmenleri bolup ýetişmäge ajaýyp mümkinçilikler döredilendir. Diňe bir ýokary derejede bilim alman, çagalar boş wagtlaryny peýdaly geçirýärler. Munuň üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen sport meýdançalary olaryň hyzmatynda Milli maksatnama laýyklykda, häzirki döwürde hem şeýle mekdepleri gurmak işi dowam etdirilýär. Mekdebe çenli edaralaryň gurluşygynyň gerimi hem haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda olaryň ýüzlerçesi ulanylmaga berildi.    

Umuman alnanda, Türkmenistanyň täze taryhynda oba ýerlerinde ilkinji gezek ähli amatlyklary bolan şeýle köp jaýlar guruldy we gurulýar. Olarda ähli amatlyklaryň döredilendigi, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, bag-bakja bürenip oturandygy bellärliklidir. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru