Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

07:3509.06.2015
0
3504

8-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiriniň, pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri wideoşekilli iş maslahatyna milletiň Liderine Ylymlar gününe görülýän taýýarlyk çäreleri, sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Şeýle hem gowaçaly meýdanlarda alnyp barylýan işler, olara agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, galla oragyny öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek we oraga gatnaşyjylara tehniki we medeni hyzmatlary üpjün etmek barada aýratyn durup geçildi. Soňra häkimler welaýatlarda pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň  ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

 Mundan başga-da, welaýatlaryň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berildi. Hasabatlaryň barşynda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde körpeleriň wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň döredilendigi we Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, orak möwsümini guramaçylykly geçirmek, ulanylýan tehnikalaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly ähli çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimlerine oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmak, ekerançylyk ýerlerinden rejeli peýdalanmak agrosenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek, oba zähmetkeşlerine ähli zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän  agrotehniki çärelerе, ilkinji nobatda bolsa, galla oragynyň öz wagtynda hem-de ýitgisiz tamamlanmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp,  welaýatlarda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň  örän guramaçylykly geçirilmelidigini nygtady.

Welaýatlardaky täze desgalaryň gurluşygyna we çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, öňde durýan baýramçylyk çärelerine degişli meseleler babatda hem tabşyryklar berildi.

Soňra iş maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önüm öndürýänler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda  geçirmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti önüm öndürýänler, aýratyn-da, gallaçylar we ýüpekçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň  öz wagtynda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany ýurdumyzyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny aýratyn nygtady.

Soňra döwlet Baştutany göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowy çagyrdy. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň pileçileriniň pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady.  Şunda, döwletimize 2 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyryldy.

Milletiň Lideri iş maslahatyna gatnaşyjylary, tutuş türkmen halkyny, ýüpekçilik pudagynyň ähli işgärlerini pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, pudagy ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Wideoşekilli iş maslahatyny tamamlamak bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini, halkyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň