Türkmen hünärmeni «Rostowa» Russiýanyň premýer-ligasynda galmaga kömek etdi

0
660
6
0

Belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew «Rostow» klubynyň ýolbaşçylarynyň öz öňünde goýan wezipesini ýerine ýetirdi — topary Russiýanyň premýer-ligasynda alp galdy. Bu «Rostow» geçiş oýnunyň jogap duşuşygynda birinji liganyň — FNL-iň wekili «Tosnony» (Leningrad oblasty) uly hasap bilen ýeňeninden soň belli boldy — 4:1. Bu toparlaryň ilkinji duşuşygy hem «Rostowyň» peýdasyna tamamlanypdy. (0:1).

Jogap duşuşygynda «Rostowa» ýeňil düşmedi. Eýýäm 6-njy minutda myhmanlar hasaby açmaga dörän pursatdan ýerlikli peýdalandylar. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesi boýunça hasap deňlendi. Ýöne Gurban Berdiýewiň şägirtleri öz oýunlaryny ýola goýup ynamly ýeňiş gazandylar. Toparyň pökgülerini Witaliý Dýakow (39, 59 we 62-nji minutlar) Serdar Azmun (88-nji minut) geçirdiler.

—Geçirden pökgimiz topary alasarmyk etdi. Hudaýaşükür, soňra oýny ýola goýduk we öz ýörelgämize eýermäge çalyşdyk — diýip, ýeňiji toparyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew  duşuşykdan soň aýtdy.

—Dýakow bu oýunda üç pökgi geçirdi...

—Onuň ilkinji iki pökgüsi jerime urgularyndan soň geçdi. Biz muny türgenleşiklerde işledik. 11 metrlik urgy barada aýdylanda bolsa, ol biziň şeýle urgulary ýerine ýetirýän oýunçymyz.

—«Rostowa» geleniňize öküneňizokmy?

—Ýok. Ýöne «Rostow» aşaky liga düşen bolsa, men özümi bagyşlamazdym. Men ähli kynçylyklary bilelikde ýeňip geçendikleri üçin oglanlara sagbolsun aýdýaryn. Olar — hakyky professionallar. 

—Siz «Rostowda» galarsyňyzmy?

—Entäk hiç zat belli däl. Heniz hiç hili karara gelemzok. Ertir gubernator bilen duşuşmaly...

«Rostow» bilen birlikde «Ural» hem premýer-ligada galdy. Bu topar iki duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Waleriý Nepomnýaşiniň ýolbaşçylyk edýän «Tomundan» üstün çykdy (1:0 we 0:0)   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru