Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan Halkara sergi açylýar

08:2407.06.2015
0
5261

Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly dokma önümleriniň halkara sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! 
Hormatly dokmaçylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki Sergi köşgünde Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar Watanymyzyň, merdana halkymyzyň ýeten belent sepgitlerini, gazanan üstünliklerini bu gün bütin dünýä ykrar edýär. Ýurdumyzyň dokma pudagynda ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmakda bu halkara sergisiniň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn!

Häzirki döwürde ýurdumyzda täze gurulýan iri kärhanalaryň esasy bölegi dokma pudagyna degişli bolup, olarda dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän ýokary hilli dokma önümleri öndürilýär. Diňe bir 2014-nji ýylda Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde täze pagta egriji fabrigiň gurlup, işe girizilmegi, Türkmenabat şäherinde pamyk egriji fabrigiň durkunyň täzelenmegi, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze pagta egriji fabrigiň gurlup, ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň ýokary hilli harytlary öndürmekde, haryt bolçulygyny döretmekde, ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly işleri bitirýändiklerini şu baýramçylyk gününde aýratyn bellemek isleýärin. Bu pudagyň işgärleri döwletimiz tarapyndan uly alada bilen gurşalyp alynýar. Olaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri, amatly durmuş şertlerinde ýaşamaklary, öz hünär derejelerini kämilleşdirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan işler daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, sazlaşykly amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda täze gurlup, ulanmaga berilýän kärhanalara halkara guramalary tarapyndan berilýän güwänamalar hem muny doly tassyklaýar.

Dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek öňümizde durýan örän möhüm wezipeleriň biridir.

Şu maksatlardan ugur alnyp, dokma önümçiligine täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda halkara çäreleriniň öz oňat netijelerini berýändigini Aşgabatda yzygiderli geçirilýän sergiler we ylmy maslahatlar aýdyň görkezýär.

Biziň merdana halkymyzyň agzybirlikli zähmet çekip, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha berkidýändigini, ösüşiň täze belentliklerine çykarýandygyny geçirilýän bu halkara sergisi hem dünýä jemgyýetçiligine ýene-de bir gezek aýdyň görkezer. Şeýle hem bu halkara sergisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäreleriň biridir.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly dokmaçylar!

Hormatly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda» atly dokma önümleriniň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, egsilmez rysgal-döwlet, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hemişe rowaçlyklary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň