Soňky habarlar

Arhiw

“Barselona” Çempionlar ligasynyň finalynda “Ýuwentusy” ýeňdi

01:5807.06.2015
0
2929

Ispaniýanyň “Barselona” futbol topary Çwmpionlar ligasynyň finalynda Italiýanyň “Ýuwentusyny” ýeňdi we öz taryhynda bäşinji gezek iň abraýly ýewropa kubogynyň eýesi boldy.

Duşuşygyň başynda Andres Inýesta 11 mertlik belginiň töwereklerinde gözegçiliksiz galan Iwan Rakitiçi tapdy. Ol bolsa pökgini Janluiji Buffonyň goraýan derwezesine gönükdirdi.

55-nji minutda Mark-Andre ter Ştegen Karlos Tewesiň urgusyny yzyna gaýtardy, ýöne pökgi Alwaro Morata geldi, ol bolsa pursatdan netijeli peýdalanmagy başardy. Ikinji ýarymyň ortalaryna “Barselona” “Ýuwentusy” garşylyklaýyn hüjümde tutdy: Lionel Messiniň urgusyny Buffon göni Luis Suarese tarap gaýtardy. Urugwaýly hüjümçi bolsa pökgini derwezäniň boş galan tarapyna gönükdirdi. Goşmaça wagtda Neýmar katalonlylaryň üçünji pökgüsini geçirdi.

“Barselona” üçin gazanylan bu Kubok toparyň taryhyndaky şeýle derejeli bäşinji baýrak boldy. Mudan ozal “gök-gyrmyzylar” Ýewropanyň iň abraýly ýaryşynda 1992-nji, 2006-njy, 2009-njy we 2011-nji ýyllarda ýeňiji bolupdylar.    

Çempionlar ligasy. Final

“Ýuwentus” (Turin, Italiýa) — “Barselona” (Barselona, Ispaniýa) — 1:3

Pökgüleri geçirenler: Rakitiç, 4 (0:1); Morata, 55 (1:1); Suares, 68 (1:2); Neýmar, 90+7 (1:3).

Duýduryş alanlar: Widal, 11; Pogba, 41; Suares, 70.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň