FIFA Dünýä çempionaty — 2018-iň toparça böleginiň saýlama oýunlarynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň reýtingini täzeledi

18:4206.06.2015
0
10890

Dünýä çempionaty — 2018-iň toparça böleginiň 11-nji iýunda başlanjak saýlama oýunlarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň reýtingi 15 basgançak aşaklady. Bu barada Futbol Assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň Sýurihde (Şweýsariýa) ýerleşýän ştab-kwartirasynda FIFA-nyň täzelän reýting-sahypasynda habar berilýär.

Şoňa laýyklykda, türkmenistanlylar dünýäniň 209 toparynyň arasynda 99 ball bilen 173-nji orny eýeleýär. Bu Türkmenistanyň futbol federasiýasy 1994-nji ýylda FIFA doly hukukly agza hökmünde kabul edileli bäri biziň toparymyzyň reýtinginiň iň pes görkezijisidir.

GDA-nyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ýygyndy toparlaryndan Özbegistan (479 ball), Gazagystan (195 ball), Täjigistan (173 ball) we Gyrgyzystan (89 ball) degişlilikde 74-nji, 133-nji, 139-njy we 177-nji orunlary eýeleýärler.

Aziýanyň reýtinginde türkmen futbolçylarynyň 46 toparyň arasynda 35-nji netijesi bar. Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama oýunlarynyň çäklerinde 11-nji iýulda geçiriljek duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysynyň garşydaşy boljak Guamyň toparynyň biziň futbolçylarymyzyňkydan 2 bally az bolup, ol FIFA-nyň reýtinginde 174-nji orunda ýerleşdi. Yklymyň toparlarynyň iň gowusy Eýranyň ýygyndysy (717 ball) bolup, ol dünýä reýtinginde 41-nji orny eýeleýär. Türkmen futbolçylary bu topar bilen Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama oýunlarynyň çäklerinde 16-njy iýunda Daşoguzda duşuşarlar. Biziň toparymyzyň toparçadaky beýleki garşydaşlarynyň — Omanyň (319 ball, Aziýada 22-nji orunda) we Hindistanyň (161 ball, Aziýada 22-nji orunda) ýygyndylary FIFA-nyň reýtinginde degişlilikde 101-nji we 141-nji orunlary eýeleýärler.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň