Türkmenistandan Owganystana täze dostluk kömegi

10:2306.06.2015
0
1659

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň belent ynsanperwer däplerine esaslanyp, şeýle hem dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklaryndan ugur alyp, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüni gurmak baradaky Karara gol çekdi.

Türkmen halkynyň adyndan Owganystana sowgat ediljek täze bina Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsullygynyň buýurmasy boýunça “Haji Lal Mohammad Farahi Construction. CO” owgan şereketi tarapyndan gurlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň