Soňky habarlar

Arhiw

Tebigaty goramak: milli tejribe we halkara hyzmatdaşlygy

10:1906.06.2015
0
2990

5-nji iýunda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda “Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda tebigaty goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlygy” atly maslahat boldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda öňdebaryjy alymlar, bilermenler, tebigaty goramak düzümleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň milli parlamentiniň bilermenleri bar. Duşuşyga iri halkara hem-de sebit guramalarynyň, ýagny BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (PROON), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Germaniýa jemgyýetiniň (GIZ), Türkiýe Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky agentliginiň (TIKA) wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli her ýylda guralýan maslahatyň barşynda şu ulgamda geçirilýän işleriň jemleri jemlenildi, milli Liderimiziň başyny başlan döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde pudagyň öňünde duran nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ekologiýa maslahatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň adyndan mähriban topragymyzyň tebigatyny gorap saklamak we baýlyklaryny köpeltmek işinde uly goşant goşan tebigaty goramak ulgamynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň