Arhiw

Atçylyk sporty ösdürilýär

10:1306.06.2015
0
1844

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek hem-de türkmen bedewleriniň daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän bäsleşiklerine bökdençsiz gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkeziniň taslamasyny  düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we Halkara karantin merkezini 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň