Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşy (Aşgabat, 2015-nji ýylyň 5-nji iýuny)

05:4606.06.2015
0
4892

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşýan wekiller «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky rezolýusiýasyny makulladylar. Olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandyklaryny beýan etdiler. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleri Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny hormatlamaga hem-de goldamaga, döwletimiziň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmaga çagyrdylar.

Rezolýusiýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam berýändigi beýan edilýär. Bu resminamada sebitiň ýurtlary we dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň we oňyn hyzmaty bellenýär.

Sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy möhüm ähmiýetli taryhy waka – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy» hakyndaky rezolýusiýasyny makullamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şeýle hem, biziň döwletimiziň geçen 20 ýylyň dowamynda alyp baran işine ýokary baha berip, bu rezolýusiýany goldan ähli döwletlere Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýurdumyzyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Bitaraplyk baýramy Türkmenistan üçin Garaşsyzlykdan soň ikinji milli baýrama öwrüldi. Geçen döwürde amala aşyrylan işlere syýasy, ykdysady, hukuk we durmuş taýdan baha bersek, ýurdumyzyň 20 ýyl mundan ozal saýlap alan ýolunyň örän uly taryhy ähmiýetli we ykbal kesgitleýji ýol bolandygyny bellemek isleýärin.

Bitarap Türkmenistan täze hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne birnäçe borçnamalary hem aldy.

Bu borçnamalar:

syýasy, ykdysady, harby birleşiklere we bileleşiklere goşulmazlykdan ybaratdyr;

ýurdumyzyň parahatçylygyny we azatlygyny goramak üçin ýeterlik bolan, döwletimiziň zerur möçberdäki öz goşunynyň bolmagydyr;

köpçülikleýin gyryş ýaragyndan ýüz döndermekdir, şol ýaraglary ýurduň çäklerinden we howa giňişliginden daşamagy gadagan etmekdir;

umumadamzat gymmatlyklaryny, demokratik däpleri ileri tutmak, ýurtda raýatlaryň agzybirligini we parahatçylygyny kepillendirmek bolup durýar;

ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny Birleşen Milletler Guramasy we halkara ynsanperwer guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda alyp barmakdan ybaratdyr.

Bitaraplyk syýasaty ýurdumyza milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berdi. Ykdysady-hukuk nukdaý nazaryndan, Bitaraplyk türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny özleşdirmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen, örän möhüm ykdysady taslamalary işläp düzmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň netijeli guralyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yzygiderli ösmegi dünýä bileleşigine Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde howpsuzlygy we parahatçylygy berkitmek, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli çäreleri teklip etmäge ýurdumyza ýardam berdi. Dünýäde geosyýasy meseleleri çözmegiň täze hukuk gurallaryny döretmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge mümkinçilik döretdi.

Howpsuzlygy üpjün etmegiň ygtybarly usuly hökmünde, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ösmegi we pugtalanmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyny ýokarlandyrdy. Netijede, ählumumy parahatçylygy goldamakda Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýy has-da artdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmek üçin Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagynyň hem möhüm ähmiýeti bardyr. Bu abraýly halkara Guramasynyň howandarlygynda dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen ýokary derejedäki maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi hem tötänden däldir.

Türkmen Bitaraplygynyň nusgasy biziň üçin örän gymmatlydyr. Sebäbi, Bitaraplyk hukuk ýagdaýy häzirki zaman dünýägaraýşyny hem-de mähriban halkymyzyň köp asyrlyk pähim-paýhasyny özünde jemleýär we sazlaşykly utgaşdyrýar. Sabyr-takatlylyk, dost-doganlyk däplerine eýermek, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine wepaly bolmak türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolan häsiýetlerdir.

Şoňa görä-de, Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir halkymyzyň milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzy bütin dünýä ýakyndan tanadýar we döwletimiziň dünýä bileleşigi üçin açykdygyny görkezýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen dünýäniň iri döwletleriniň arasynda ýola goýlan, özara ynanyşmak däplerine eýerýän, ýokary derejeli gatnaşyklaryň durnuklydygyna guwanyp bileris. Biz goňşy ýurtlar we sebitdäki beýleki döwletler bilen aç-açanlyga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň barha ösýändigine we pugtalanýandygyna buýsanmaga haklydyrys.

Men alyp barýan syýasatymyzyň mundan beýläk-de ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gönükdiriljekdigine berk ynanýaryn!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň