Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy topary (U-16) Aziýa çempionaty — 2016-a ýollanma gazanmak üçin Katara ugrar

17:1505.06.2015
0
2955

Kataryň, Täjigistanyň we Yragyň ýygyndylary Aziýa çempionatynyň ilkinji tapgyrynda (U-16) türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary bolarlar. Olar duşuşyklary 16—20-nji sentýabr aralygynda Kataryň paýtagty Dohada geçiriljek “C” toparçasyny emele getirdiler. Şu gün ştab-kwartirasy Kuala-Lumpurda ýerleşýän Aziýanyň futbol konfederasiýasynda çekilen bijäniň netijesi şeýle boldy. 45 döwletiň ýetginjekler ýygyndylary Günbatar (24 topar) we Gündogar (21 topar) zolaklara bölündiler.

Ýetginjekleriň arasyndaky (U-16) Aziýa çempionaty — 2016-nyň saýlama böleginiň bijesiniň netijeleri:

Günbatar zolak:

“A” toparça: Özbegistan, Ýemen, Palestina(ýer eýesi), Maldiwler.

“B” toparça: Nepal, Oman, Gyrgyzystan(ýer eýesi), Iordaniýa.

“C” toparça: Katar (ýer eýesi), Täjigistan, Yrak, TÜRKMENISTAN.

“D” toparça: Saud Arabystany, BAE, Pakistan, Bangladeş(ýer eýesi).

“E” toparça: Eýran (ýer eýesi), Bahreýn, Hindistan, Liwan.

“F” toparça: Siriýa, Kuweýt (ýer eýesi), Owganystan, Şri-Lanka.

Gündogar zolak:

“G” toparça: Malaýziýa, Laos, Filippinler, Demirgazyk Marian adalary, Gündogar Timor.

“H” toparça: KHDR, Tailand, Singapur, Kamboja.

“I” toparça: Koreýa Respublikasy, Hytaý, Taýwan, Makao.

“J” toparça: Awstraliýa, Wýetnam, Mýanma, Guam.

“K” toparça: Ýaponiýa, Gonkong, Bruneý, Mongoliýa.

2016-njy ýylda Hindistanda geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynyň final bölegine 11 toparçanyň hersiniň ýeňijileri we iň gowy görkeziji bilen öz toparlarynda ikinji orunlary eýelän 4 toparlar çykarlar.

Toparçadaky saýlama oýunlaryň duşuşyklary 12—20-nji sentýabr aralygynda geçiriler.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň