Soňky habarlar

Arhiw

NATO-nyň wekili Aşgabadyň birleşikden we ABŞ-dan Owganystan bilen serhedini goramaga kömek sorandygy baradaky maglumaty tassyklamady

08:4405.06.2015
0
5670

NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara ylalaşyk boýunça wekili Aleksandr Winnikow Türkmenistanyň birleşige Owganystan bilen serhedini goramaga kömek sorap ýüz tutandygy baradaky habaryň tassyklama tapandygyny beýanat etdi — diýip, “interfaks-Azerbaýjan” agentligi habar berýär.

“Men Türkmenistanyň öz serhedini goramaga kömek berilmegini sorap NATO ýüz tutandygy baradaky habary tassyklamok. Myş-myşlara görä, hamala türkmen ýolbaşçylygy şeýle haýyş bilen gönüden-göni amerikalylara ýüz tutupmyş. Ýöne muny ne türkmen tarapy, ne-de amerikalylar tassyklaýar” diýip, A. Winnikow penşenbe güni geçirilen metbugat-maslahatynda aýtdy.

Ol Nato-nyň Owganystanda bu ýurduň ýaragly güýçleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýan “Synmaz hyzmatdaşlyk” maksatnamasyny herekete girizendigini ýatlatdy. “Ynanyň, biziň Owganystanyň ýaragly güýçlerini döretmäge girişen döwrümizden bäri geçen 12 ýylyň içinde owgan harbylary öz mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrdylar” — diýip, A. Winnikow belledi.

“NATO Owganystanda koalision hökümetiň döredilmegini oňlaýar. Şeýle hem ýurtdaky milli ylalaşyga degişli mesele syýasy çemeleşmäni talap edýär, ony harby ýol bilen çözüp bolmaz” — diýip, A. Winnikow sözüniň üstini ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň