Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynyň birinji aýlawynyň jemleýji tapgyry geçirildi

08:3005.06.2015
1
1777

4-nji iýunda Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynyň birinji aýlawynyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ilkinji bolup meýdança «Gümrükçi» bilen Türkmenistanyň IIM-niň «Daşgala» toparlary çykdylar. Oýun häzire çenli bir gezek hem ýeňilmän, ýaryş tertibinde öňdäki orunda barýan “Daşgalanyň” artykmaçlygynda geçdi. Netijede bu topar 25 utuk toplap, birinji aýlawyň ýeňijisi boldy.

Baýrakly orunlara esasy dalaşgärleriň biri bolan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” topary hem öz duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. “Daýanç” toparynyň futzalçylary talyplaryň ynamly oýnunyň garşysyna hiç hili çäre tapyp bilmediler. Şeýlelikde, 9:3 hasabynda ýeňiş gazanan “Talyp sporty” 18 utuk bilen birinji aýlawy ikinji orunda jemledi.

Ýaryşyň bu böleginiň dowamynda ikinji orny eýeläp gelen Türkmenistanyň  Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň “Wepalysy”  şoňky iki tapgyrda şowsuz çykyş edip, ilkinji üçlükde galmak mümkinçiligini elden giderdi. Bu topar sonky tapgyrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň adybir toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlip, Türkmenbaşynyň Deňiz portunyň “Deňizçisi” bilen 4-5-nji orunlary paýlaşmaly boldy (toparlaryň hersi 16 utuk toplady). “Migrasiýa” bolsa 17 utuk bilen baýrakly üçünji orunda ornaşdy.

Tapgyryň galan duşuşyklary şeýle tamamlandy:

“Bagtyýarlyk” — “Senagatbank” — 4:4

“Daýhanbank” — “Deňizçi” — 1:7

Toparlaryň birinji aýlawdan soň ýerleşiş tertibi

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynyň birinji aýlawynyň jemleýji gününde geçirilen duşuşyklardan taýýarlan fotoreportažymyzy synlamagy unutmaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň