Ýurduň nebitgaz we mineral serişdeler ministriniň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň haryt-çig mal biržasynda boldy.
Çäräniň barşynda myhmanlar biržanyň işi bilen tanyşdylar, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlarynyň biržanyň elektron söwdalaryna gatnaşmagynyň gelejegini ara alyp maslahatlaşdylar.
2013-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň haryt çig-mal biržasy bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekilendigini ýatladýarys — diýlip, Özbegistan Respublikasynyň HÇMB-nyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.