«Talyp joşguny - 2015» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji dabarasy geçirildi

0
302
51
1

3-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda guralýan «Talyp joşguny — 2015» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji dabarasy geçirildi.

Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döredijilik festiwalyna giň gerim berildi. Olaryň hersi özboluşly döredijilik baýramyna, talyp ýaşlaryň bagtyýarlyk toýuna öwrüldi. Ynha, jemleýji dabarada bolsa, festiwala işjeň gatnaşanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de festiwaly guraýjylaryň Hormat hatlary gowşuryldy. Ýurdumyzyň 23 sany ýokary okuw mekdebiniň ady uly buýsanç bilen tutuldy, olar degişli sylaglara eýe boldular.

Milli medeniýetimizi, sungatymyzy, halk döredijiligimizi ösdürmek, wagyz etmek, dünýä ýaýmak, aýdym-saz, tans, söz sungatynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň başarjaňlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen guralýan festiwalyň netijeliligi dowam eden çykyşlarda-da aýdyň göründi.

Ýerine ýetirilen «Güllerde Arkadag», «Arkadagym», «Ýör öňe!», «Berkarar ýurdum», «Diýarym», «Watanym», «Aşgabat», «Jan Watanym Türkmenistan», «Çalsana, bagşy!» aýdymlarynyň atlaryndan hem görnüşi ýaly, ýaşlaryň watansöýüjiligi örän güýçli. Olaryň halk aýdymlaryny, halk döredijiliginden parçalary hem ýokary derejede ýerine ýetirmegi sungat ussatlyklaryndan habar berýär. «Bagtyýarlyk gözelleri», «Bagtyýarlyk joşguny» tanslary, sazandalaryň «Her çemenden bir gunçasy», döwürdeş şahyrlaryň şygyrlarynyň çeper okaýşy, edebi-sazly kompozisiýalar, degişmeler biri-biri bilen utgaşyp, tomaşaçylaryň göwnüni göterdi, şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldy. «Berkarar döwletiň bagtyýarlygy» atly jemleýji aýdym has-da tolgundyryjy boldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru