Türkmenistanda bugdaý oragyna girişildi

0
489
0
0

3-nji iýunda Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary däne oragyna girişdiler, 14-nji iýunda bolsa olara Daşoguz welaýatynyň gallaçylary-da goşular.

Şu ýyl türkmen babadaýhanlary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 860 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna däne ýygnap alarlar. Oba hojalyk ekinleriniň esasy bölegi bugdaýyň «Sähraýy», «Ýolöten-1», «Bitarap», «Juwan», «Türkmenbaşy» we «Türkmenbaşy-1», «Batko», «Ýubileýnaýa -100», «Irişka», «Wassa» hem-de «Nota» ýaly ýokary hasylly tohumlaryndan ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2015-nji ýylyň bugdaý oragynda «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» we beýleki däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 1700-si hereket eder. Göçme-abatlaýyş mehaniki toparlar bugdaý oragy döwründe babadaýhanlara gije-gündizleýin hyzmat edip, olary tehnikalar üçin zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün eder. Mehanizatorlar, sürüjiler we däne oragyna gatnaşýan beýleki işgärler üçin ýurdumyzyň meýdanlarynda iň oňat durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärlerini çykyşlary, göçme söwda guralar.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýük ulaglarynyň 6 müň 800-si kabul ediş bölümleriniň 155-sine, ammarlara we elewatorlara bugdaýyň daşalmagyny üpjün eder. Bugdaý oragynyň başlanmagyna barlaghanalar hem taýýar edildi. Olarda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň wekilleri dänäniň hilini kesgitlärler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşygy «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda amala aşyrar.

Däp boýunça geçirilýän bäsleşik öňdebaryjy gallaçy kärendeçileri, mülkdarlary, kombaýnçylary hem-de awtoulag sürüjilerini ýüze çykarar. Bu bäsleşigi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşleri, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Türkmengallaönümleri» we «Türkmenobahyzmat « döwlet birleşikleri, «Galkynyş», «Nesil», «Watan» we «Bereketli toprak» gazetleriniň redaksiýalary geçirýär.

Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, «Türkmengallaönümleri» we «Türkmenobahyzmat»  döwlet birleşikleriniň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Suw hojalygy ministrliginiň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru