Sport tansy boýunça milli çempionat geçirildi

0
187
33
0

Paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda sport tansy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa   çagalar, ýetginjekler we ulular toparlarynda 100-e golaý türgen gatnaşdy. Ýewropa we Latyn Amerikasy tanslarynyň 10 görnüşi boýunça bäsleşikleri birleşdirýän däp bolan maksatnamadan başga-da, “Ça-ça-ça” tansy boýunça kubok ugrunda ýaryş guraldy.

Ýekelikdäki ýaryşda medallar ugrunda diňe gyzlar bäsleşdi. Onuň dürli görnüşlerinde Aşgabadyň toparyna wekilçilik edýän Sofiýa Melkumowa, Robiýa Allaýarowa we Anastasiýa Mihaýlowa ýeňiş gazandy.

Jübütleýin ýaryşlarda  ulularyň arasynda Aleksandr Sisekin we Warwara Piwowarowa altyn medala mynasyp boldy. Bu türgenler 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümine girýärler.

Toparda ikinji ýere Arslan Ataýew — Anastasiýa Ýužakowa mynasyp boldy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Timur Ýalkabow — Darýa Gokowa çykdy.

Nusgawy ýaryşyň kümüş baýragynyň eýeleri A.Ataýew we A.Ýužakowa “Ça-ça-ça” tansy boýunça kubok ugrundaky bäsleşikde baş baýraga mynasyp boldy. “Ça-ça-ça” dünýäde iň ajaýyp  we joşgunly tanslaryň biridir. Bu ony sportuň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýar. Şoňa görä-de, tansyň bu görnüşi tomaşaçylaryň we eminleriň aýratyn bahasyny talap edýän köp öwüşgine eýedir.

Kümüş baýraga T.Ýalkabow we D.Gokowa, bürünç baýraga bolsa Nikita Swýatelik we Waleriýa Nepomnýaşaýa mynasyp boldular.

Iň kiçi ýaş toparynda jübütleriň ýaryşynda Wladimir Paraskunow — Milana Sultanbekowa ýeňiş gazandy. Doganlar Wasiliý we Polina Emirhanowlar kümüş baýragy eýeledi. Üçünji orna Nikita Kalýužnyý we Anna Mamedowa mynasyp boldy.

Ýetginjekleriň toparynda Ahmet Ibragimow  —  Olga Drykina ýeňiş gazandy. Ikinji ýere Ali Rejebow  —  Darýa Makarkina, üçünji orna bolsa Ruslan Ýunusow  —  Alina Ýunusowa mynasyp boldy.

Şu ýerde 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Tomusky olimpiadanyň maksatnamasyna sport tanslarynyň sportuň görkezme görnüşi hökmünde hödürlenjekdigini aýtmalydyrys. Şondan soňra, Halkara Olimpiýa komiteti sportuň bu görnüşini dünýäniň iň esasy ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizmek baradaky meselä garar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru