Türkmen-türk banky “Altyn asyr” plastik kartlaryň hyzmatlaryndan peýdalanmagy hödürleýär

0
958
3
0

Türkmen-türk aksioner-täjirçilik banky we onuň welaýatlardaky şahamçalary “Altyn asyr” milli we halkara töleg hyzmatly VISA plastik kartlaryny ýaýratmak boýunça hyzmatlary hödürleýär.

Şahsy telekeçiler we bankyň müşderileri “Altyn asyr” plastik kartlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Bu kartyň üsti bilen paýtagtda we Türkmenistanyň ähli ýerinde töleg amallaryny geçirip bolýar.

Bank kartlaryndan peýdalanmak her bir raýat üçin häzirki zamanyň ygtybarly we amatly serişdesi bolup durýar. VISA bank kartlary boýunça hasaplaşyk geçirmek örän ygtybarly we amatly çözgütdir diýip, bank belleýär.

“Altyn asyr” milli plastik kartlarynyň we halkara VISA kartynyň eýesi bolan müşderiler bank amallaryny we hasaplaşyk geçirmekde ep-esli wagtyny tygşytlarlar.

Bankyň aşakda görkezilen Internet-saýty arkaly ýerine ýetirilýän amallar we bank durmuşynyň täzelikleri barada giňişleýin maglumat alyp bolar.

Aşgabat ş. Magtymguly şaýoly, 111/2.

Telefon: +993 (12) 93-59-98.

Internet-saýt: www.türkmentürk.gov.tm

Bankyň welaýatlarda ýerleşýän gulluklary bilen habarlaşmak üçin telefonlary:

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde:

(800-322) 5-59-02, 5-59-09;

Mary welaýatynyň Mary şäherinde:

(800-522) 6-76-83, 6-76-84;

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde:

(800-422) 9-01-78, 9-14-78;

Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde:

(800-444) 2-04-98.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru