Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Raşit Meredowy kabul etdi

10:2503.06.2015
0
2502

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow 2-nji iýunda Aksaraý kabulhanasynda resmi sapar bilen Özbegistana baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary daşary işler ministri Raşit Meredowy kabul etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Özbegistanyň Prezidentine we halkyna hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şeýle-de, ol türkmen ýolbaşçylygynyň dostlukly iki döwletiň we halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny mälim etdi.

Gürrüňdeşlik mahalynda bellenilişi ýaly, Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köp asyrlyk umumy taryha, ruhy we medeni ýakynlyga, dost-doganlyga esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklar depginli ösýän häsiýete eýe bolup, ol durnuklylygy, dowamlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Jemgyýetçilik-syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ulgamlardaky bilelikdäki umumy tagallalara daýanylyp gazanylan anyk netijeler özara hyzmatdaşlygyň ynamly we dowamly berkitmäge ygtybarly esas döretdi.

Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleri hem depginli ösýär. 2014-nji ýylyň netijeleri boýunça ol ABŞ-nyň 410 million dollaryndan-da geçdi, ösüş görkezijileri bolsa 16,6 göterime deň boldy.

Duşuşykda, şeýle hem iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýän halkara we sebitara meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň