Soňky habarlar

Arhiw

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2015-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi

07:0303.06.2015
0
6463

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen giň möçberli harby özgertmeleriniň hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýerine ýetirilişi,  şeýle hem jemgyýetde agzybirligi we jebisligi, gülläp ösüş  ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy saklamak maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrliginde alnyp barylýan işler barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew hasabat berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2015-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, türkmenistanlylaryň asuda we döredijilikli durmuşyny, ýurtda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek babatda anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň esaslaryny berkitmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuny belläp, parahatçylygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, milletimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň töweregine berk jebisleşmeginiň türkmen halkynyň abadan durmuşynyň özeni bolup durýandygyny nygtady.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary döwlet Baştutanyna bäş aýyň dowamynda öz ýolbaşçylyk edýän harby we hukuk goraýjy düzümlerinde ýerine ýetirilen işler,  ozal berlen harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Mejlisi jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly  Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümleriň özlerine berlen tabşyryklaryň ählisiniň takyk we birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde giň möçberli özgertmeleri geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini tehniki babatda berkitmegiň hem-de harby gullukçylaryň abadançylygy barada alada etmegiň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde burýan esasy wezipelerdigini nygtap, döwletimiziň mundan beýläk hem ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň parahatçylygynyň, döredijilikli durmuşynyň, bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň özeni bolan milli goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça anyk ädimleri ätjekdigini belledi.  Öňküsi ýaly, durmuş häsiýetli meselelere, ilkinji nobatda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, olaryň zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy  üçin  zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berler.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan ýolbaşçylardan şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy pugtalandyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga,  ýaş nesli watançylyk we mukaddes harby borja wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegi talap etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň