Türkmenistanda rieltorlaryň işi kadalaşdyrylar

0
378
84
34

Ýakynda Türkmenistanda rieltorçylyk işiniň ykdysady, hukuk we guramaçylyk binýadyny kesgitleýän kanun güýje girdi. Onuň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, özara hereket edýän taraplaryň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşdyrylar.

Şeýlelikde, indiden beýläk rieltorçylyk işi bilen meşgullanmak üçin fiziki şahslar hünär derejesini tassyklaýan degişli şahadatnama almaly bolarlar. Ony edinmek üçin bolsa hünär synagyndan geçmeli bolar.

Bu şeýle tertipde amala aşyrylar. Hünär synagyny geçirjek edara Hünär synagyny geçiriş toparyny tassyklaýar. Döredilen bu topar öz işinde degişli edara tarapyndan buýruk esasynda tassyklanan rieltorlaryň hünär synagyny geçirmek baradaky Düzgünnama salgylanmalydyr.

Hünär synagyndan geçmeli dalaşgäre bildirilýän talaplar eýýäm belli edildi. Ol ýokary ýuridik, maliýe, ykdysady, gurluşyk bilimleri ýa-da menejment ulgamynyň diplomy bolan fiziki şahs bolmalydyr. Şeýle hem islendik inžener-tehniki bilimi bolanlar hem hünär synagyna gatnaşyp bilerler. Rieltorçylyk işine ygtyýar aljak dalaşgär ýörite hünär taýýarlygyny geçmäge-de borçludyr.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru