Soňky habarlar

Arhiw

Reza Guçannejad: “Biz Türkmenistanyň ýygyndy toparyny äsgermezlik etmeli däl”

15:1502.06.2015
0
5078

Eýranyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Reza Guçannejad TASNIM agentligine beren beýanatynda dünýä çempionatynyň tiz wagtdan başlanjak saýlama duşuşyklary, garşydaşlara we türgenleşiklere çemeleşmeler barada pikir-garaýyşlary paýlaşdy.

“Her bir garşydaşyňa-çynlakaý çemeleşmek möhüm. Saýlama oýunlarynyň birinji tapgyrynda bize Türkmenistanyň topary bilen duşuşyk garaşýar we oňa diýseň jogapkärçilikli barmaly, ähli güýjüňi orta goýup, ýokary ussatlyk derejäňi görkezmeli. Eger garşydaşyňy äsgermezlik etseň, bu ýeňlişe tarap birinji ädim bolar”.

“Biziň ýygyndymyzyň kämil oýnuna öz mümkinçiliklerini görkezmäge taýýardygyna ynamym bar. Geçen saýlama ýaryşlarda biz ýokary oýun derejesini görkezdik. Ýogsa, garşydaşlar hem peslär ýaly däldi, aýratyn-da, Günorta Koreýanyň topary. Biz ýeňmek üçin oňat badalga almaly we turuwbaşdan öz başarýan oýnumyzy görkezmeli”.

“Türgenleşik we söweşjeň jebislik, toparlaýyn oýun — ine, şu zatlar möhüm... Diňe güýçli, jebis topar häzirki zaman futboluna mynasyp oýun görkezip biler”.

Beýanatyň çäklerinde Guçannejad özüniň Eýranyň professional futboluna gaýdyp gelýändigi baradaky myş-myşlary ýalana çykardy: “Häzirki wagtda “Çarlton” bilen baglaşan şertnamam bar”. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň