Bilýard ussatlary Aziýada 2017-ä taýýarlanýarlar

0
1600
2
16

Paýtagtymyzda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň bilýard boýunça çempionatyna Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden saýlanan bilýardçylaryň 60-a golaýy gatnaşdy.

Bu 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň biridir. Çempionatda medallar ugrunda göreş “Erkin piramida” (“amerikanka”) görnüşinde geçirildi. Şonda düzgüne laýyklykda şarlaryň 16-synyň her biri oýunçy bolup, olara kiý bilen urgy geçirmek bolýar.

Final duşuşygynda aşgabatlylar – Begenç Aýdogdyýew we Batyr Aşyrow duşuşdylar. Türgenleriň ikisiniň hem halkara sport ýaryşlarynda çykyş etmekde uly tejribesi bar. Hususan-da, olar 2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna gatnaşypdylar. Şonda Türkmenistan, mälim bolşy ýaly, bu toplumlaýyn ýaryşlary geçirmek gezegini kabul etdi. Ine, indi bolsa ýurdumyzyň iň oňat bilýardçylary Türkmenistanyň çempionatynda jemleýji oýunda duşuşdylar.

Deslapky oýunlarda garşydaşdan üstün çykmak üçin geçirilýän bilýard oýunlarynyň bäşisinde ýeňiş gazanmak zerur bolup durýardy. Final duşuşyk bolsa ýedi ýeňşe çenli dowam edýärdi.

Oýun gezekli özara üstünlikler bilen geçdi. Ilki bilen Batyr Aşyrow tapawutlanyp, oýun başlan badyna iki döw artykmaçlygy bilen 3:1 hasabynda öňe saýlandy. Muňa jogap edip, Begenç Aýdogdyýew töwekgelçilik etmeli boldy, netijede bu öz miwesini berdi: oňa oýny ele almak hem-de öz garşydaşyny 7:5 hasabynda ýeňmek başartdy.

Aşgabatly Kerim Çakanow hem-de Daşoguz welaýatynyň toparyndan Kamaladdin Babaýew bürünç medal gazandylar.

Türkmenistanda bilýard sporty garaşsyzlyk ýyllarynda ösüp başlan hem bolsa, milli bilýard mekdebinde ussat bolupdy. Mysal üçin, Ýuriý Panteleýew öz döwründe dünýä çempiony bolupdy. Indi täze döredilen Türkmenistanyň bilýard sporty boýunça federasiýasynyň öňünde şol däpleri mynasyp dowam etdirmek, milli bilýard mekdebiniň derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler durýar. Federasiýa işjanly guramaçy we hereket edýän bilýardçy Batyr Aşyrow ýolbaşçylyk edýär.  

Häzir bolsa türkmenistanlylara birnäçe iri halkara ýaryşlaryna taýýarlanmak garaşýar. Olar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolar. Şol ýaryşlaryň hatarynda güýzde Katarda geçiriljek bilýard boýunça dünýä çempionaty (“Pul” görnüşi) bar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru