Türkmenistan energiýa serişdelerini tizräk Ýewropa ibermäge gyzyklanma bildirýär

0
698
1
0

Ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň çägindäki iň uzyn Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi işe giriziler. “Türkmengaz” Döwlet konserni onuň baş potratçysy bolup durýar. Ýurduň ýolbaşçylygy bu waka uly ähmiýet berýär.

Bu turba geçiriji ýurduň gündogaryndaky ýataklary Hazaryň kenar ýakalaryndaky günbatar bölegiňki bilen birleşdirmek üçin çekilýär. Ol ýerden bolsa dünýä bazarlaryna — Hazaryň üsti bilen Ýewropa we deňiz kenary boýunça Russiýa çykmaga şertiň döremegi mümkindir.

Soňky taslamanyň — Gazagystanyň üsti bilen Russiýa uzamaly Hazarýaka gaz geçirijisiniň “Gazprom” tarapyndan türkmen gazyny satyn almagyň möçberleriniň peselmegi netijesinde togtadylandygyny hem bellemelidiris.

Türkmen gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa eksport etmek üçin Azerbaýjanyň kenarlaryna barmaly 300 kilometrlik Transhazar gaz geçirijisini çekmek barada aýdylanda bolsa, tersine, gepleşikler işjeň häsiýete eýe boldy. Ýakynda Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Ýewropa bileleşiginiň esasy menejerleriniň Aşgabat duşuşygy, onda gol çekilen beýannama hem muny doly tassyklady.

Türkmenistan Ýewropa bileleşigine ýylda 40 milliard kubometr gaz ibermäge taýýardygyny mälim edipdi. Onuň 10 milliardy Türkmenistanyň deňiz böleginde iş alyp barýan Malaýziýanyň Petronasynyň, galan möçberi bolsa ýurduň çäginde gurulýan Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň hasabyna üpjün edilip bilner. Bu gaz geçiriji “Galkynyş” käninden başlanyp Hazaryň kenarlarynda tamamlanar.

“galkynyş” onuň golaýynda ýerleşen “Ýaşlar” känlerinde barlag geçiren Gaffney Cline&Associatesiň (Beýik Britaniýa) maglumatlaryna laýyklykda bu iki käniň umumy ätiýaçlyk gorlary 26,2 trillion kubometr gaz diýlip bahalandy.

Geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kubometr gaza barabar bolan täze Gündogar — Günbatargaz geçirijisi içerki gaz üpjünçiligini ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen, daşary ýurtlara iberilýän akym ugurlaryny üpjün etmek üçin möhümdir.

Gaz geçirijiniň gurluşygynyň takmynan bahasy ABŞ-nyň iki milliard dollaryndan gowrakdyr. Potrat işlerine daşary ýurtly kompaniýalar hem çekilýär.

Magistral Mary welaýatynyň “Şatlyk” gaz gysyjy desgasyndan Balkan welaýatynyň “Belek” gaz gysyjy desgasy aralygynda gurlar. Bu gaz şahsy ýurda iň iri geçiriji bolar, onuň diametri 1420 millimetre, uzynlygy bolsa 766 kilometre barabardyr.

Taslama 2010-njy ýylyň 30-njy maýynda girişildi. Üç welaýatyň çäginden geçjek täze gaz geçiriji magistralyň dürs we bökdençsiz işlemegi üçin ýedi sany kuwwatly gaz gysyjy desga gurlar.

“Bu gaz geçirijiniň berjek artykmaçlyklaryna göz ýetirmek üçin hünärmen bolmak hökman däl. Onuň mümkinçilikleri “mawy ýangyjy” gündogar ugry boýunça hem, günbatar ugry boýunça hem deň derejede akdyrmagy amala aşyrmaga şert döredýär” diýip, ýerli bilermenler belleýärler.

Guseýn Gasanow

TREND.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru