Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň gaznasynyň hasabyna haýyr-sahawat serişdesini geçirdi

05:4202.06.2015
0
6255

1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň gaznasynyň hasabyna geçiren haýyr-sahawat serişdesi hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň we rehimdarlygyň ýene-de bir çäresi, ösüp gelýän nesil hakdaky atalyk aladanyň subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutany Çagalary goramagyň halkara gününiň şanyna ýurdumyzyň okyjylarynda uly meşhurlykdan peýdalanýan, şeýle hem daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen, özge ýurtlarda giň meşhurlyga eýe bolan öz kitaplarynyň galam hakyny bu edaranyň hasabyna geçirdi.

Döwletliler köşgüniň toparyna sowgatlyk serişdeleriň resminamasynyň gowşurylyş dabarasy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde geçirildi. Köşgüň meýdançasy hatarynda hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, bilim ulgamynyň we beýleki pudaklaryň wekilleri, ýaşulular bolan hormatly myhmanlary owadan bezelen milli öwüşginlerde garşylady. Bu ýerde haly düşelen sekilerde el işleri bilen meşgul bolup oturan ýaş tikinçi gyzjagazlar, beýleki tarapynda bolsa bagşylar we ýaşuly nesliň wekilleri ýerleşdiler.

Bularyň ýanynda çagalaryň çeken suratlarynyň we ýasan çeper işleriniň ekspozisiýasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançada kitaplaryň sergisine aýratyn orun berlipdir. Olaryň arasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem beýik türkmen nusgawy şahyrlarynyň—Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Andalybyň we beýlekileriň eserleri bar.  Kitaplaryň arasynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, däplerine bagyşlanan, Marguş, Dehistan barada “Türkmen zenanynyň taryhy keşbi” atly ylmy ýygyndy neşirleri, ýurdumyzyň, onuň welaýatlarynyň we Aşgabadyň häzirki zaman ösüşi barada kitaplar bar. Mekdep okuwçylary we mekdebe çenli çagalar üçin okuw hem-de çeper edebiýat kitaplarynyň giň görnüşi görkezilýär.     

Töwerekde köpsanly çagalar—köşkde terbiýelenýän hem-de olaryň paýtagtyň beýleki mekdeplerindäki deň-duşlary elleri döwlet baýdakly, dürli reňkli baýramçylyk öwüşginli serişdeler bilen dabara gatnaşýarlar. Şadyýan milli oýunlar, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem woleýbol we futbol boýunça sport ýaryşlary baýramçylyk öwüşginini artdyrýar.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň arasynda 2015-nji ýylyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleri, dürli umumymilli    döredijilik bäsleşikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, daşary ýurtlarda geçirilen festiwallaryň ençeme gezek baýrak eýeleri bar.

Köşkde terbiýelenilýänler öz döredijilik zehinlerini şu günki dabarada hem görkezip, myhmanlaryň öňünde şowhunly tanslar we söýgüli Watanymyzy wasp edýän göwün galkyndyryjy aýdymlar bilen çykyş etdiler. Bagtyýar çagalar aýdym-sazlarda we şahyrana setirlerde özleri baradaky atalyk aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidentine uly hoşallyk bildirdiler.  

... Döwletliler köşgündäki çärelere gatnaşyjylar, onuň ýolbaşçylary, mugallymlary we terbiýeçileri Ýüzlenme kabul edip, ýaşlar, hemme ýaş türkmenistanlylar hakyndaky atalyk aladasy, olaryň durmuşy we ösmegi, deň mümkinçilikleriň gülläp ösýän jemgyýetinde öz ornuny tapmagy üçin iň oňat şertleri döredýändigi üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de öz ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we ymtylyşlaryny mähriban Watanymyza bagyşlajakdyklaryna ynandyrdylar.

Göni dabaralaryň üstüne Döwletliler köşgüniň “Joşgun” tans toparynyň gelmegi aýratyn ýakymly sowgada öwrüldi. Olar ýap-ýaňy Türkiýeden dolanyp geldiler. Ol ýerde köşkde terbiýelenýän çagalar Stambul şäherinde geçirilen “Çoçuk Şöleni” halkara festiwalynda üstünlikli çykyş etdiler.

... Döwletliler köşgündäki dabaralar tamamlanandan soň, onda terbiýelenýänler üçin “Arkadag” binasyna hem-de Aşgabadyň beýleki gözel ýerlerine gezelenç guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň