Jiu-jitsu boýunça türkmen ussatlarynyň üstünligi

0
310
246
1

31-nji maýda Hindistanyň Bangalor şäherinde jiu-jitsu söweş sungaty boýunça Merkezi we Günorta Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Şonda türkmenistanlylar medallaryň 14-sini — sekiz altyn, iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.

Ýaryşlar 11 ýurtdan — Hindistandan, Şri-Lankadan, Pakistandan, Owganystandan, Nepaldan we Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan we beýlekilerden türgenleriň ýüzlerçesini ýygnady.

Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üstüne ýygyndymyzyň zenanlar düzümi altyn medallaryň bäşisini goşdy. Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna Margarita Filippowa (49 kilograma çenli), Madina Aýdogdyýewa (55 kilograma çenli), Wioletta Şumilowa (62 kilograma çenli), Zyba Orunowa (70 kilograma çenli) we Göwher Atdaýewa (70 kilogramdan ýokary) çykdylar.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň düzüminde Döwletmyrat Kasymow altyn medal gazanyp, 85 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandy. Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli) we Dörtguly Jumaýew (94 kilograma çenli) kümüş medala, Mekan Nurjykow (69 kilograma çenli), Abdulla Babaýew (77 kilograma çenli) we Muhammet Adaýew (94 kilogramdan ýokary) bürünç medala mynasyp boldular.

Mundan başga-da, türkmenistanlylar jübütleýin ýaryşlarda “özüňi goramak” görnüşinde tapawutlandylar. Şunda M.Filippowa-W.Şumilowa hem-de K.Dowletow-M.Nurjykow jübütler altyn baýraga mynasyp boldular. D.Jumaýew we A.Babaýew dagy bürünç medal gazandylar.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ata Adaýewiň we Omar Muhammetnazarowyň türgenleri zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda umumy toparlaýyn hasapda birinji orny we erkekleriň arasynda ikinji orny eýelediler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru