Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi

00:4501.06.2015
0
11683

Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden we dabaraly bellenildi. Şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda baýramçylyk sergileri hem-de duşuşyklary, konsertler we sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy. Çeper halyçylyk kärhanalarynda, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň fabriklerinde we aýry-aýry önümçilik bölümlerinde, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda pudagyň öňdebaryjylaryny, öz işiniň ussatlaryny hormatlamak dabaralary boldy.

Paýtagtymyzyň ajaýyp gözellikleriniň hatarynda Türkmen halysynyň milli muzeýi bar. Bu ýerde ýakynda “Türkmen halysy — türkmeniň kalby” atly däp bolan halkara sergisi dabaraly açyldy. Onuň zallarynda uly möçberli sergi ýaýbaňlandyrylyp, myhmanlara gadymy muzeý gymmatlyklarynyň hem-de ýokary çeper aýratynlyk, reňkleriň sazlaşygy we sünnälenip ýerine ýetirilen häzirki zaman haly döredijiliginiň baý ýygyndysy hödürlendi.

Sergä türkmen halkynyň medeni gymmatlygy bilen gyzyklanýan daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlar geldiler. Olaryň käbiri bolsa Aşgabada ilkinji gezek geldi. Olar hem sergide täze halylary hem-de haly önümlerini görkezdiler.

Serginiň açylyş dabarasy muzeýiň ýanyndaky meýdançada dowam etdi. Bu ýerde hakyky türkmen toýy ýaýbaňlandyrylyp, bagşylaryň ýerine ýetirmeginde halk aýdymlary ýaňlandy, gyzlar bolsa datly milli tagamlary hödür etdiler.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky XV mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Astrahan we Stawropol bölüminiň (Russiýa), Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Garagalpak Respublikasynyň milli medeniýet merkezleriniň wekilleri, taryhçy alymlar we sungaty öwrenijiler, bilermenler, ussat halyçylar hem-de Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Pakistandan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýlekilerden wekiller bar.

Çykyş edenler gadymy haly gölleriniň gelip çykyşynyň we aýratynlyklarynyň taryhy, dürli ýurtlarda halyçylyk sungatynyň ösüşi babatda ylmy barlaglarynyň netijelerini görkezdiler.

Agşamara “Aşgabat” kinokonsert merkezinde pudagyň iň oňat işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy hem-de Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen uly baýramçylyk konserti gadymy we beýik sungatyň däplerini mynasyp dowam edýän Türkmen halysynyň baýramynyň baş gahrymanlary hem-de ähli aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň