Soňky habarlar

Arhiw

“Berzeňňi” bejeriş suwunyň ýanynda tiz wagtda degişli dükanlar peýda bolar

00:2101.06.2015
0
5238

Ýakyn wagtlarda Aşgabatda we ýurduň welaýat merkezlerinde “Berzeňňi” mineral-bejeriş suw çykarýan kärhananyň degişli dükanlary peýda bolar. Paýtagta olaryň birini kärhananyň golaýynda, beýlekisini bolsa “Altyn asyr” gündogar bazarynda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

“Berzeňňi” mineral-bejeriş suwuny çykarýan kärhananyň geçen ýylyň güýzünde, Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän tebigy çeşmäniň ýakynynda açylandygyny ýatladýarys. “Berzeňňi” mineral suwunyň bejerijilik güýji türkmenistanlylaryň ähli nesline diýen ýaly bellidir. Alymlaryň geçiren barlaglary bu suwuň bejerijilik häsiýete eýedigini doly tassyklady. Lukmanlar ony aşgazan-içege ýaralarynda, onkibarmak içege ýollary kesellerinde içmegi maslahat berýärler.

Öz döwründe çeşmäniň gapdalynda şypahana guruldy. Bu ýeri onýyllyklaryň dowamynda diňe bir türkmenistanlylaryň arasynda däl, eýsem, daşary ýurtlularyň arasynda hem uly meşhurlykdan peýdalanýar.

“Berzeňňi” mineral-bejeriş suwuny çykarýan kärhanany 250 we 500 ml ölçegli gaplardaky gazly we gazsyz suwlaryň bir ýylda 0,5 millionyny çykarmaga ukyplydyr. Häzirki günde bu şypaly içgini dermanhanalardan ýa-da döwlete degişli söwda nokatlaryndan, şeýle hem supermarketlerden we “Berkarar” gipermarketinden satyn alyp bolar.

Degişli dükanlarynyň açylmagy bilen bolsa, bu kärhananyň önümleri her bir türkmenistanly üçin elýeterli bolar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň