Muhadow Ýagşyýewe ýakynlaşýar ýa-da Ýokary Ligada 14-nji tapgyryň duşuşyklarynyň aýratynlyklary

0
247
31
0

TAPGYRYŇ UMUMY AÝRATYNLYKLARY:

15 GOL: Tapgyrda derwezelere 15 gol girizildi.

2 DEŇLIK: Iki duşuşyk deňlik bilen tamamlandy, ikisem şol bir hasap bilen: 1:1.

PAÝTAGTLYLAR ÝEŇIŞ BILEN: Tapgyrda ýeňen toparlaryň üçüsi hem Aşgabada wekilçilik edýär.

 

«ENERGETIK» — «BALKAN» 1:1

SEÝITMUHAMMEDOWDAN ILKINJI ÄDIM: «Energetik» — «Balkan» duşuşygynda «Energetikden» Döwlet Seýitmuhammedow şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

MILLI ÝYGYNDY RUHLANDYRDY: 11-nji iýunda Guamyň ýygyndysynyň garşyna oýnajak milli ýygyndymyzyň  düzümine çagyrylan u möwsümde derwezelere salan 4 golunyň 3-sini soňky iki tapgyrda saldy.

SERDARALY TARYHA GIRDI: Nädip? Sebäbi onuň şu duşuşykda salan goly «Balkanyň» Ýokary ligadaky 1320-nji goludyr.

30-a ÇYKDY: «Energetigiň» şu tapgyrda derwezesine geçirden goly Ýokary ligadaky 30-njy goly boldy.

 

«HAZYNA» — «ŞAGADAM» 2:1

ILKINJI GOL ÝETERLIK BOLMADY: Duşuşykda «Şagadamdan» hasaby deňlän Begenç Guldurdyýew şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

HEM ÝEŇIŞ, HEM ILKINJI GOL: Azatberdi Tagandurdyýewiň «Hazyna» ýeňşi getiren goly oýunçynyň şu möwsümdäki ilkinji goludyr.

10, 20: Eger-de şu sanlaryň arasyndaky otury aýyrsak, onda emele gelýän san «Şagadamyň» milli ýaryşlarda derwezesine geçirden gollarynyň sanyny aňladar. Hawa, toparyň derwezewanlary milli ýaryşlardaky taryhynda 1020 pökgini saklamagy başarmadylar.

20: Şu tapgyrdan soň «Hazyna» Ýokary ligada derwezesine 20 gol geçirtdi.

IKISINDE-DE «HAZYNA»: Şu ýyl «Hazyna» bilen «Şagadamyň» arasynda bolan iki duşuşykda-da 2:1 hasabynda «Hazyna» ýeňiş gazandy.

 

«AHAL» — «MERW» 1:1

MÄMMEDALY IKINJI 60-LYKÇY: Biz 2013-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri ligamyzda ähli gol salan oýunçylaryň hasabatyny ýöredip gelýäris. Mämmedaly Karadnowyň şu tapgyrdaky 11 metrlik jerime urgusy onuň 2013-nji ýyldan bäri derwezelere girizen 60-njy pökgüsi boldy we şol möwsümden bäri 60 gol salan oýunçylaryň sany 2-ä çykdy.

999 GOL: Şu tapgyrdaky deňlikden soň «Merw» milli ýaryşlarda (Ýokary liga bilen Türkmenistanyň Kubogyny bilelikde alanyňda) derwezesine 999 gol geçirtdi. Ýene-de ýekeje ýalňyşlyk...

OWADAN SANYŇ NESIBESI MÄMMEDALYDA EKEN: Mämmedaly Karadanowyň şu tapgyrda dürs ýerine ýetiren jerime urgusy «Ahal» futbol toparynyň taryhynda derwezelere salan 555-nji goludyr.

ÝENE 1:1: Indi iki tapgyr bäri şol bir hasap bilen oýnaýan «Ahalyň» şu möwsümdäki deňlikleriniň ählisi hem 1:1 hasabynda tamamlandy.

 

«ALTYN ASYR» — HTTU 4:1

KAPITAN BAŞYNY BAŞLADY: «Altyn asyryň» HTTU-nyň derwezesine girizen 4 pökgisiniň ilkinjisiniň awtory, toparyň kapitany Ahmet Ataýew şu möwsümde ilkinji gezek gol saldy.

ÝAGŞYÝEWE IKI ÄDIM GALDY: Duşuşykda iki gezek tapawutlanmagy başaran Süleýman Muhadow iň netijeli hüjümçileriň sanawynda birinji orundaky Myrat Ýagşyýew («Balkan») bilen arany ýygyrdy.

UMYTLY BAŞLANGYÇ: Didargeldi Kowusowyň HTTU-ny hiç hili jogapsyz utulmakdan halas eden goly onuň şu möwsümdäki ilkinji goludyr.

MILLI ÝARYŞLARDA 90-NJY GEZEK: Şu gezekki ýeňliş HTTU-nyň milli ýaryşlardaky 90-njy ýeňlişidir.

MUHADOW GOŞALAÝAR: Bassyr iki duşuşykda iki gezek tapawutlanyp gelýän Süleýman Muhadow şu möwsümde iň netijeli «dublçydyr». Ol jemi 5 tapgyrda iki gol salmagy başardy.

DIŇE BIR JOGAP: HTTU şu möwsümde «Altyn asyr» bilen geçiren iki duşuşygynda garşydaşyň 6 goluna diňe bir jogap goluny salmagy başardy.

 

«DAŞOGUZ» — «AŞGABAT» 0:3

PIRMYRADYŇ TAPGYRY: «Aşgabat» futbol toparynyň hüjümçisi Pirmyrat Gazakow şu möwsümde ilkinji gezek bir oýunda 2 gol saldy.

YZYGIDER 7 TAPGYRDA: «Daşoguz» futbol topary yzygider 7 tapgyrda ýeňildi. Mundan öň şu möwsümde yzygider 7 tapgyr ýeňlen topar ýok.

IKISI HEM ŞOL BIR HASAP BILEN: Şu möwsümde «Daşoguz» bilen «Aşgabadyň» arasynda geçirilen duşuşyklaryň ikisi hem 3:0 hasabynda paýtagtly futbolçylaryň peýdasyna tamamlandy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru