Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynyň sekizinji tapgyry tamamlandy

0
199
1
0

31-nji maýda Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynda sekizinji tapgyryň iki duşuşygy geçirildi.

Ilkinji bolup meýdança «Senagatbank» bilen Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň «Talyp sporty» toparlary çykdylar. Oýun turuwbaşdan talyplaryň hüjümi bilen başlansa-da, hasaby bankyň topary açdy. Öňdäki orunlara dalaş edýän “Talyp sportynyň” futzalçylarynyň munuň bilen ylalaşasy gelmedi. Netijede topar dessine ähli zady ýerli-ýerinde goýdy. Duşuşygyň galan wagtynda uly artykmaçlyk gazanan talyplar 3:6 hasabynda ýeňiş gazandy. Günüň  ikinji oýnunda bolsa birinji we ikinji orunda barýan toparlar duşuşdy. Çekeleşikli geçen duşuşyk häzire çenli bir gezek hem ýeňlip görmedik Türkmenistanyň IIM-niň “Daşgala” toparynyň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Netijede Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň “Wepalysy” öňdebaryjynyň yzyndan ýetmek mümkinçiligini elden giderdi.

Sekizinji tapgyryň 28-nji maýda geçirilen beýleki duşuşyklaryny hem ýatladýarys. «Migrasiýa» —«Daýhanbank» — 2:6, “Deňizçi” — “Bagtyýarlyk” — 10:3. Bu oýun gününde “Daýanç” — “Gümrükçi” duşuşygy geçirilmedi. Şeýlelikde “Daýanç” toparynyň futzalçylarynyň duşuşyga gelmänligi sebäpli 3 utuk “Gümrükçi” toparyna berildi. 

Toparlaryň 8-nji tapgyrdan soň ýerleşiş tertibi

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça açyk çempionatynda dokuzynjy tapgyrynda duşuşjak toparlar.

04.06.2015

“Gümrükçi” — “Daşgala”

“Bagtyýarlyk” — “Senagatbank”

“Wepaly” — “Migrasiýa”

 “Daýhanbank” — “Deňizçi”

“Talyp-sporty” — “Daýanç” 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru