Çempion paýtagt derbisinde ýeňiş gazanyp, esasy dalaşgärlerinden arany açdy

0
669
0
0

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 14-nji tapgyry Aşgabatdaky we Daşoguzdaky iki duşuşyk bilen tamamlandy.

“Aşgabat” stadionynda geçirilen paýtagt derbisinde häzirki çempion “Altyn asyr” bilen AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi HTTU duşuşdy.

Geçen möwsüme garanyňda düzüminde ep-esli üýtgeşmeleriň bolup geçendigi üçin pesräk çykyş edýän HTTU bu oýunda ýarym sagada çenli saklanyp bildi. 33-nji minutda Ahmet Ataýew, birinji ýarymyň goşmaça wagtynda bolsa Süleýman Muhadow tapawutlanyp, “Altyn asyry” öňe saýladylar.

Arakesmeden soň, Myrat Annaýew hasaby 3:0-a çenli artdyrdy. Soňra bolsa S. Muhadow şu duşuşykda ikinji gezek tapawutlandy. Bu onuň şu möwsümdäki 15-nji pökgüsidir. Myhmanlara Didargeldi Kowusowyň urgusyndan soň, bir jogap pökgüsini geçirmek başartdy.

Netijede öňdäki orunda barýan “Altyn asyr” 4:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, häzirki wagtda esasy bäsdeşi “Balkandan” dört utuk ara açdy.

Üçünji orna bolsa myhmançylykda “Daşoguzy” 0:3 hasabynda ýeňen “Aşgabat” çykdy. Ýöne 25 utuk toplan bu topar bir oýun artyk geçirdi.

Paýtagtlylara ýeňiş getiren pökgüleri 6-njy we 82-nji minutlarda Pirmyrat Gazakow geçirdi, bir pökgini bolsa ýer eýeleriniň goragçysy Parahat Annaberdiýew atdanlykda öz toparynyň derwezesine gönükdirdi.

14-nji tapgyrdan soň Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda üç hepdelik arakesme yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama duşuşyklaryna taýýarlyk işleri bilen baglanyşyklydyr. Milli ýygyndy toparymyz 11-nji iýunda myhmançylykda Guamyň, 16-njy iýunda bolsa öz meýdanynda Eýranyň ýygyndylary bilen duşuşar.

Milli çempionatyň ýakyndaky oýny 20-nji iýunda bolar. Şol gün 7-nji tapgyryň soňa geçirilen duşuşygynda Balkanabatda ýerli “Balkan” “Ahaly” Kabul eder. 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Altyn asyr" – HTTU – 4:1 (2:0)

30-njy maý. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Ahmet Ataýew 33, Süleýman Muhadow 45+1, 66, Myrat Annaýew 51 – Didargeldi Kowusow 71.

Duýduryş alanlar: Serdar Geldiýew 52 – Begenç Seýitmämmedow 20, Muhammet Astanow 59.

Emin: Maksat Seýitgulyýew.

Gözegçi emin: Öwezdurdy Gylyçmyradow.

 

"Daşoguz" – "Aşgabat" – 0:3 (0:2)

30-njy maý. Daşoguz. «Sport toplumy». 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Pirmyrat Gazakow 6, 82, Parahat Annaberdiýew 16 (öz derwezesine geçirdi).

Duýduryş alanlar: Yhlas Nepesow 33 – Atageldi Geldiýew 53.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Gözegçi emin: Rubik Danelýan.

14-nji tapgyrdan soň toparlaryň ýerleşiş tertibi

Bellik: "Aşgabat" "Şagadamy" özara duşuşykda ýeňenligi üçin ýaryş tablisasynda ýokarda galdy.

Iň köp pökgi geçiren oýunçylar:

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) – 17 (2 – 11 mertlik urgudan)

Süleýman Muhadow (“Altyn asyr”) – 15.

Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) – 11 (5).

"Asgabat"stadionynda geçirilen paýtagt derbisinde häzirki çempion "Altyn asyr" bilen AFK-nyñ Prezidentiniñ Kubogynyñ eýesi HTTU duşuşygyndan taýýarlanan fotoreportažymyzy synlamagy unutmañ!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru