Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasy amala aşyrylýar

06:3031.05.2015
0
3687

«Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013—2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek 2014—2015-nji ýyllar üçin degişli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda 29 kärhanany we desgany hususylaşdyrmak kesgitlenildi.

Häzirki wagtda olaryň 22-si satuwa çykaryldy. Mundan başga-da, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň teklipleri esasynda hususylaşdyrylmagy teklip edilýän döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň we desgalaryň 15-sinden ybarat bolan sanaw işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak, bu çäräniň hususy ulgamyň maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize çekmäge, bäsleşikli bazary emele getirmek üçin şertleri döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň