Hazaryň bekre balyklaryny senagat esasda tutmaga gadagançylygyň möhleti uzaldyldy

09:0830.05.2015
0
11591

Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň giňişliginde bekre görnüşli balyklary senagat esasda (täjirçilik) tutmagy gadagan etmegiň möhletlerini uzaltmak barada ylalaşdylar diýip,  Rusbalykçylyk habar berýär.

“Şeýle karar 29-njy maýda Sankt-Peterburgda tamamlanan Hazar deňziniň suw bioserişdeleri boýunça toparyň 35-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi” — diýlip,  habarda aýdylýar.

Çärä Hazarýaka döwletleriniň ählisi — Russiýa, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan gatnaşdylar.

Hazarýaka döwletleri Hazaryň suw bioserişdeleriniň ýagdaýy baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşanlarynda, her ýyl bekre balyklaryny tutmak işine gadagançylygyň hereket edýän ylalaşyklaryny tassyklaýarlar. Toparyň bu mejlisinde hem taraplar gadagançylygyň möhletlerini birbada 2015-nji we 2016-njy ýyllara çenli uzaltmagy ylalaşdylar. Bekre balyklaryny tutmak diňe ylmy-barlag hem-de emeli önümçilik maksatlarynda amala aşyrylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň