Türkmenistanly kompozitor we pianinoçy “Arkalaşygyň zehinleri” festiwalynyň baýrak eýesi boldy

0
795
16
0

Moskwanyň Halkara Saz Öýüniň Swetlanowsk zalynda Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň ýaşlarynyň Fuat Mansurowyň adyny göterýän “Arkalaşygyň zehinleri” atly III saz festiwaly geçirildi.

Bu ýyl festiwalyň dabaraly konsertine Moskwadan, Tatarystandan, Başgyrdystandan, Türkmenistandan, Ermenistandan, Galmygystandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan sazandalar gatnaşdylar.

Türkmenistanly kompozitor we pianinoçy Mämmet Guseýnow bu abraýly festiwalyň baýrak eýesi boldy. 2015-nji ýylyň 25-nji maýynda Moskwanyň Halkara Saz Öýüniň tomaşaçydan doly zalynda geçirilen festiwalyň çäklerindäki dabaraly konsertde onuň “Erk we söýgi” atly simfoniki poemasy ýaňlandy.

M. Guseýnow saz bäsleşikleriniň köpüsiniň baýrak eýesidir. Ol pianinoçy hem-de Türkmenistanyň kompozitorlarynyň akademiki žanrdaky sazlaryny wagyz ediji hökmünde tanalýar.

Konsertden soň Mämmet Guseýnow öz beýanatynda şeýle diýdi: “Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Nury Halmämmedow we beýleki ady belli kompozitorlar tarapyndan başlanan türkmen akademiki saz sungatynyň beýik däplerini dowam etdirmek meniň üçin uly hormatdyr...”  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru