Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli baýraklar

07:0230.05.2015
0
4480

Aşgabadyň medeniýet müdirligi “Türkmen ertekileriniň dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň ýolbaşçylygy bilen bilelikde Çagalary goramagyň Halkara gününe bagyşlap konsert gurady. Oňa paýtagtyň sungat mekdepleriniň iň gowy aýdymçylarydyr sazandalary, belli horeografik toparlaryň tansçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň türgenleri gatnaşdylar.

Konserti “Jan Watan” diýen aýdym bilen Dünýä Myradowa açdy. Skripkaçylaryň, akkordeonçylaryň we deprekçileriň bilelikdäki çykyşlary konsertiň bezegine öwrüldi. Olar türkmen kompozitorlarynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerini ýerine ýetirdiler. Türgenleriň çeper gimnastika we hapkido boýunça görkezme çykyşlary-da tomaşaçylary biparh goýmady.

Konsert tamamlanansoň, çagalar asfaltyň ýüzüne surat çekmek bäsleşiginiň ýeňijilerini sylagladylar. Baýramçylyk agşamyna gatnaşýanlaryň her birine buzgaýmak sowgat berildi we olar üçin agşam atraksionlar hem muzdsuz işledi.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň