Türkmenistan Izmirdäki halkara sergi-ýarmarkasynda öz ekspozisiýasyny hödürlär

00:4630.05.2015
0
1089

Türkmenistan 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty — 6-njy sentýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçiriljek 84-nji halkara Izmir sergi-ýarmarkasynda öz ekspozisiýasyny hödürlär — diýip “Türkmenistan: altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerini bütin dünýä aýan etmek, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary geljekde-de ösdürmek, ýurdumyzyň önümçiligine degişli harytlaryň daşary döwletlere iberilmeginiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen ekspozisiýamyzyň sergä gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň