Ukraina Türkmenistana Aşgabatda metropoliten gurmagyň meýilnamasyny hödürlär

0
2101
84
350

Ukraina 2015-nji ýylyň noýabryna çenli Türkmenistanyň paýtagtynda metropoliten gurmak boýunça tanyşdyryş maglumatlary hödürlär. Bu barada Sebitara ösüş, gurluşyk we ýaşaýyş-durmuş hojalygy ministrligine salgylanyp INTERFAKS-UKRAINA agentligi habar berýär.

Şeýle ylalaşyk ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyk baradaky bilelikdäki hökümetara türkmen-ukrain toparynyň dördünji mejlisiniň barşynda gazanyldy. Gepleşiklerde Ukrainanyň wekiliýetine ýurduň Sebitara ösüş, gurluşyk we ýaşaýyş-durmuş hojalygy ministri Gennadiý Zubko ýolbaşçylyk etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, ukrain tarapy türkmen tarapyna energetiki maşyngurluşygy, awtomobil, demir ýol, oba hojalyk tehnikalaryny ibermegi, şeýle hem hyzmat ediş merkezlerini döretmegi teklip etdi.

Iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklar G. Zubko bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow tarapyndan gol çekilen resminama arkaly berkidildi.        

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru