Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda elýeterli bahalardan sement, magdan däl we beýleki gurluşyk serişdeleri bilen üpjün ediler

16:1129.05.2015
0
6805

Türkmenistanda elýeterli bahalardan sement, magdan däl we beýleki gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, ýurdumyzda bu önümleriň öndürilişini has-da artdyrmak boýunça welaýat we etrap merkezlerinde Senagat ministrliginiň garamagyndaky 1 tonnasyny 175 manatdan sement satmak boýunça ýöriteleşdirilen  söwda dükanlarynyň 32-si açyldy. Şolarda eýýäm bu önümiň 49637 tonnasy satyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrliginiň welaýatlarda ýerleşen söwda kärhanalary we guramalary arkaly ilata sementiň 6063 tonnasy ýerlenildi. Içerki sarp edijä satylan sementiň möçberi 55 700 tonna boldy.

Şeýle hem welaýatlarda ilatyň magdan däl gurluşyk serişdelerine bolan islegini kanagatlandyrmak  maksady bilen degişli söwda dükanlary açyldy. Şolaryň hem-de ozal hereket edýän  dükanlaryň üsti bilen pudak ministrliginiň garamagyndaky kän hojalyklarynyň ählisinde elýeterli bahadan ýerli çig malyň 11 413 kub metri satyldy.

Şunuň bilen birlikde, ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň döwlet tarapyndan goldanylmagy, iň täze enjamlaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde pudakda önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça hem-de daşary ýurtlara eksport etmek üçin zerur çäreler amala aşyrylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň