Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdy

0
651
0
0

1-nji iýunda paýtagtymyzyň meýdançalarynyň birbada ençemesinde--“Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, “Ertekiler dünýäsi” çagalar seýilgähinde, ýetginjekler köşgünde “Biz bagtyýar çagalar” ady bilen baýramçylyk   çäreleri geçiriler. Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň arasynda dürli ýaryşlar, bäsleşikler, teatrlaşdyrylan çykyşlar, tanyşdyryş syýahatlary we beýlekiler guralar. Welaýat-etrap merkezlerinde, şäherlerde hem-de obalarda, mekdebe çenli edaralarda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar bolar.

“Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdudyr” diýen şygar bilen duşuşyklar hem şu senä gabatlanar. Şeýle duşuşyklar jemgyýetçilik-syýasy işgärleriň, alymlaryň we edebiýatçylaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda ýokary we orta okuw mekdeplerinde geçiriler. Ylymlar akademiýasy mowzuklaýyn kitap sergisini gurar. 

Ösüp gelýän nesil, onuň saglygy we abadançylygy, ruhy-ahlak terbiýesi hem-da sazlaşykly ösüşi baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugrydyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru