Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän topar “Balkana” öňdäki orna geçmäge päsgel berdi

08:5729.05.2015
0
4020

Şu gün Baýramalyda “Energetik” — “Balkan” duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynda 14-nji tapgyr başlandy.

Toparlaryň birinji aýlawda Balkanabatda geçen duşuşygynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanypdylar. Pökgüleriň üçüsini-de Myrat Ýagşyýew geçiripdi. Baýramalyda geçen jogap duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilse, “Balkan” öňdäki orna geçýärdi.

Ýöne oýun myhmanlar üçin garaşylmadyk ýagdaýda başlandy. Ýer eýeleri eýýäm 40-njy sekuntda pökgini meýdanyň burçundan oýna girizmäge hukuk gazandylar. Çep gyradan jerime meýdançasyna geçirilen pökgini Döwletmyrat Seýitmuhammedow aýagy bilen derwezä gönükdirdi we şu milli çempionatda iň tiz geçirilen gollaryň biriniň eýesi boldy.

“Balkany” ýeňlişden Serdaraly Ataýew halas etdi. Ol 29-njy minutda jerime meýdançasynyň sag burçundan derwezäniň çep tarapky “dokuzlygyna” gönükdirdi. Duşuşyk şeýle hasap bilen hem tamamlandy — 1:1. Bu “Energetik” soňky üç tapgyrdaky üçünji deňligidir.

“Balkan” barada aýdylanda, bu topar ýene-de iň bolmanda wagtlaýynça öňdäki orna çykmak mümkinçiligini elden giderdi.

14-nji tapgyr 29-njy maýda “Hazyna” — “Şagadam”we “Ahal” — “Merw” duşuşyklary bilen dowam etdirerler.     

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Energetik" – "Balkan" – 1:1 (1:1)

28-nji maý. Baýramaly. «Sport desgasy». 700 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Döwletmyrat Seýitmuhammedow 1 – Serdaraly Ataýew 29.

Duýduryş alanlar: Mekan Çaryýew 54, Ylýas Minhairow 63, Rustam Mamedow 70 – Batyr Atamämmedow 61, Myrat Ýagşyýew 75, Güýçmyrat Annagulyýew 88. 

Emin: Babanazar Haknazarow.

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow.

29-njy maýa çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 17 pökgi (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 13.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 11 (5).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň