Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary açyldy

0
1520
23
14

Täze ýaşaýyş toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy bilen baglanyşykly şäher ýolagçy awtoulagynyň täze ugurlar boýunça gatnawlary ýola goýuldy — diýip, «Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Indiden beýläk 39-njy belgili gatnaw ulagy paýtagtyň demir ýol menzilini Halkara awtomenzil bilen birikdirer. Mundan başga-da, awtomenzile Abadan GES-nden Akdepäniň üsti bilen 48-nji belgili gatnaw ulagynda  baryp bolýar. Şäherde 72-nji belgili gatnaw ulagy hem diýseň amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ol halkalaýyn ýol boýunça Parahat-4 ýaşaýyş toplumyndan başlap, Garaşsyzlyk köçesini, Magtymguly şaýoluny, soňra Andalyp, Görogly we Ankara köçelerini öz içine alýar. Indi Abadan GES-inden Akdepä 70-nji belgili gatnaw ulagynda baryp bolýar. Şeýle hem Berzeňňi şypahanasy bilen Urganly ýol aralygynda 69-njy gatnaw ulagy hereket eder.

Bu zatlaryň ählisi adamlaryň şäheriň gerekli nokadyna tiz we rahat barmagy üçin edilýär. Täze gatnaw ýollary indi Aşgabat şäheriniň Halkara aeroportynyň 2-nji ýolagçy terminaly bilen demir ýol menzilini birikdirer. Halkara awtomenziline Awtokambinatdan 17-nji, Berzeňňiden 36-njy, demir ýol menzilinden 39-njy, Abadandan 48-nji, Teke bazaryndan 53-nji, Köşiden 52-nji gatnaw ulaglary boýunça baryp bolar.       

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru