Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde öňdebaryjy kompaniýalaryň oba hojalyk tehnikalarynyň görkezilişi boldy

1
1615
1
0

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde «Claas», «Maschio Gaspardo», «Lemken», «Belarus» ýewropa we «Valley», «Case», «John Deer» amerikan öňdebaryjy kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalarynyň görkezilişi boldy. Bu belli kompaniýalaryň — biziň oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlarymyzyň tehnikalary ýerli toprak-howa şertlerinde özlerini gowy tarapdan görkezmegi başardy.

Hususan-da, biziň ýurdumyzda belli daşary ýurt kompaniýalarynyň 10-syna wekilçilik edýän «Edem» hyzmatlar gullugy tarapyndan gök ekerançylyga degişli enjamlaryň biziň bazarymyz üçin täze nusgalary hem görkezildi. Olaryň arasynda Italiýanyň «Maschio Gaspardo» kompaniýasynyň önümi bolan ýöriteleşdirilen sogan, käşir, kartofel ekiji we ýygnaýjy, gök-miwe önümleriniň ekişine taýýarlyk görlende toprak ýumşadyjy enjamlar bar. Bu täze enjamlaryň 25-si eýýäm 2015-nji ýylyň maýynda «Türkmenobahyzmat» Döwlet birleşigine gelip gowuşdy.

Görkezilişiň barşynda, şeýle hem «Ruchim» (Moldowa), «Syngenta» (Şweýsariýa), «Basf» we «Baýer» (Germaniýa) kompaniýalarynyň önümi bolan ösümlikleri goraýjy serişdeleriň täze nusgalary hödürlendi.

Ýerli telekeçiler hem çärä gatnaşyjylara öz önümlerini hödürlediler. Bu ýerde Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda ýerleşýän «Kämilligiň gözbaşy» hususy kärhanasynda öndürilen, mallara, guşlara, balyklara niýetlenen garyşyk iýmleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
andreysheludkov ( 12/06/2015 )

При покупке сельхозтехники немаловажную роль играют ее стоимость, компания-производитель и качество изготовления. Подробнее здесь http://spectechzone.com/tekhnika/selkhoztekhnika Приобретение высококачественной сельскохозяйственной техники позволит значительно расширить сферу применения, создать комфортные условия для работы, экономно расходовать денежные и временные ресурсы.

Рейтинг@Mail.ru