“Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

06:4128.05.2015
0
4427

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan üç aýda bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň täze ylmy açyşlar we türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasynyň barlaglarynyň netijeleri hakyndaky makalalar toplumyny çap edýär.

Neşiriň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölümi mazmuny taýdan has-da baý boldy. Munuň özi ýöne ýerden däldir. Soňky ýyllarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň goldaw bermeginde ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmek we ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

“Medeniýetleriň, halklaryň özara gatnaşygy” bölüminde okyjy Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Abu Reýhan Beruny adyndaky Gündogary öwreniş institutyndan, filosofiýa ylymlarynyň doktory R.Bahodirowyň makalasy bilen tanşyp biler. Alym XI-XIII asyrlaryň alymlarynyň eserlerinde ylmy işleri tertipleşdirmek meselesine seredýär we Türkmenistanyň, tutuşlygyna alnanda bolsa Orta Aziýanyň maddy-ruhy medeniýetiniň kemala gelmeginiň hem-de onuň ösüşiniň möhüm ugurlaryna baha berýär.

Medeniýetiň irki ojagy bolan we sungatyň, senetkärçiligiň, amaly-haşam sungatynyň beýik nusgalaryny dünýä  beren Merwiň taryhy ylmy barlagçylaryň ünsüni özüne çekýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň işgäriniň seljuklar döwrüniň zenan şahyry we XI  asyryň ahyrynda XII   asyryň başlarynda Merwde ýaşan Mähesti Mänejiniň döredijiligine bagyşlanan makalasy beýik seljuk türkmen döwletiniň ösen döwründe uly şöhrata eýe bolan rubagylara bagyşlanypdyr.

Öz gezeginde awtor “Merw Horezmşalary Anuşteginiler döwründe” atly makalasynda golýazma çeşmeleriniň we arheologik barlaglaryň maglumatlaryna esaslanyp Soltan Sanjaryň aradan sykmagy bilen   düýpli özgertmeler ýüze çykyp, Merwiň öňki şöhratyna we kuwwatyna eýe bolandygyny hem-de onuň Horezmşalar imperiýasynyň iň ösen hem-de möhüm şäherleriniň birine öwrülendigini hem-de onuň dini, medeni we söwda merkezi hökmünde ykrar edilendigini belleýär.

“Miras” žurnalynyň birinji sanynyň bezeginde hem Merwiň taryhyna giň orun berlipdir. Onuň birinji sahypasynda seljuklar döwrüniň kuwwatly hökümdarlarynyň biri bolan Soltan Sanjaryň heýkeliniň we onuň “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän we türkmen halkynyň medeni mirasynyň altyn gaznasyny emele getirýän aramgähiniň suraty ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň şu ýylyň birinji çärýeginde döwletimiziň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyna degişli wakalaryna berilýän syn onuň jemini jemleýär. Bu bölümde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere, 2015-nji ýylyň biziň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine, şeýle hem gadymy Merwiň mirasdüşeri Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty diýlen derejäniň berilmegine bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň