Türkmenistanyň Prezidenti Gennadiý Zubkony kabul etdi

06:0628.05.2015
0
4155

27-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň 4-nji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň wise-premýer-ministri, Sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkony kabul etdi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde üstünlikli ösdürilýän däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Milletiň Lideri iki ýurduň arasyndaky  söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda köpýyllyk gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, özüni ýokary derejede hem-de hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly hökmünde görkezen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça  hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini belledi.

G.Zubko ukrain tarapyndan başlyklyk edýän bilelikdäki toparyň işine ýokary baha berendigi üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek şu gezekki mejlise gatnaşyjylaryň  köpugurly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ukrainanyň wise-premýer-ministri uzakmöhletleýin türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hökümetara toparynyň  mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan energetika, maşyngurluşygy, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, obasenagat toplumynda, medeni-gumanitar ulgamda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berler.  Türkmenistanyň çäklerinde Ukrainanyň gurluşykçylarynyň we taslama institutlarynyň gatnaşmagynda täze bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň